Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Şu sene mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilip, garaşsyzlygymyz, erkinligimiz, bagtyýar durmuşymyz üçin şirin janlaryny gurban eden ata-babalarymyz hatyralanyp, ýatlanyp geçilýär.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy Watana bolan beýik söýginiň nyşany bolup, bu toplum türkmenistanlylaryň baky şöhratyna we edermenligine häzirki nesilleriň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak bolsa, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelikde bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, jebislik ähli kynçylyklary hem-de ýitgileriň yzasyny hemişe ýeňip geçmäge kömek edipdir. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Türkmen halky agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, mähriban topragymyza çäksiz söýginiň, agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.
77 ýyl ozal tebigy betbagtçylyk Aşgabady düýbünden weýran edip, öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar etdi. Bu pajygaly wakanyň elhenç ýatlamalary henizem halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Tebigy betbagtçylyk zerarly ömür tanapy kesilen watandaşlarymyzyň atlary hakydamyzda baky galar. Güýçli sarsgyn bilen sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar batyrlyk, tutanýerlilik, gaýduwsyzlyk we çydamlylyk görkezdiler.
Häzirki wagtda Aşgabat ak mermerli şähere öwrüldi. Paýtagtymyzyň täze keşbinde ata-babalarymyzyň, ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň geljek nesilleriniň bagtly ykbaly baradaky arzuw-umytlary jemlenýär. Agyr synaglardan geçen paýtagtymyz gaýtadan dikeldildi we parahatçylygyň, asudalygyň, abadançylygyň mekanyna öwrüldi.
Halkymyz Watana wepaly gulluk etmegiň mizemez nusgasy bolanlaryň öňünde baş egýär, aramyzda ýaşap ýören gahrymanlar – weteranlar we söweşlerde wepat bolan esgerleriň maşgalalary uly üns-alada bilen gurşalýar. Ata-babalarymyzyň görkezen gahrymançylyklary ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Watanymyzyň azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty ýoly halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler.
Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Biz öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys. Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine mundan beýläk-de güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.
Bäşim TAGANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.