Argentinanyň Prezidenti Hawer Mileýiň partiýasy kanun çykaryjy organyň aralyk saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazandy. Şeýlelik bilen, saýlawçylar oňa düýpli ykdysady özgertmeleri dowam etdirmek üçin mandat berdiler. Resmi netijelere görä, Prezidentiň partiýasy “Azatlyk öňe gidýär” tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän libertarian blogy ýurt boýunça sesleriň 41 göterimini aldy, “Watanyň güýji” blogynda birleşen Peronist garşydaşlar bolsa 31,7 göterim sese eýe boldy.