Hytaýda 64 ýaşly adam 52 ýyllap aşgazanynda 17 santimetrlik diş çotgasy bilen ýaşapdyr. Ýaňy-ýakynda ol adam lukmanlar tarapyndan halas edildi. Bu barada “South Morning China Post” neşiri habar berýär. Anhoý ülkesinde ýaşaýan Ýan familiýaly pensioner hassahana baryp lukmanlara aşgazanynda ynjalyksyzlygyň bolýandygyny we onuň hem özüne närahatlyk berýändigini aýdypdyr. Ol özüniň 12 ýaşynda wagty diş çotgasyny ýuwdandygyny, şol günden bäri hem bu wakany maşgalasyna aýtmakdan gorkup gezendigini gürrüň berýär. Ýan çotganyň bireýýäm erap gidendigini pikir edipdir. Emma bilen barlag geçirilende, onuň içegesinde 17 santimetrlik diş çotgasynyň häli bu güne çenli durandygyny anyklapdyrlar. Lukmanlar 80 minut töweregi dowam eden operasiýada endoskopyň kömegi bilen onuň aşgazanyndaky çotgany çykarmagy başarypdyrlar. Lukmanlar diş çotgasynyň ýaşulynyň aşgazanynyň eplenýän böleginde saklanyp, birnäçe ýylyň dowamynda hereketsiz ýagdaýda galandygyny belleýärler. Şunlukda Ýan özüniň agyr ýagdaýyndan halas bolupdyr.

Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrap häkimliginiň Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.