Häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri parahatçylygy pugtalandyrmak, dostlukly gatnaşyklary giňeltmek hem-de döwletleriň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekden ybaratdyr. Hut şu belent maksatlaryň esasynda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde ýokary derejeli forum geçiriler. Bu giň möçberli halkara çäre dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň merkezleriniň biri hökmünde halkara abraýyny has-da belende göterer. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri düzýär. Beýlekileriň ykbalyna duýgudaş bolmak ýa-da bolmazlyk adamkärçilik mertebesini kesgitleýän guraldyr» diýen sözler bar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ata-babalarymyzyň şol asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýär. Kömege, mähre mätäç çagalara hoşgylaw bakmak, olaryň aladasyny etmek, il hataryna goşmak, olary jemgyýetçilik terbiýesi bilen gurşamak türkmen halkyna mahsus milli däpleriň biridir.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň golaýda geçirilen nobatdaky mejlisinde gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, ejir çeken çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Milli Liderimiziň bu başlangyjy makullamagy bilen, Owganystana derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ýükleri ugratmak dabarasy türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri esasynda guraldy.
Adamzat taryhynyň ähli döwründe haýyr-sahawat jemgyýetiň ösüşinde möhüm orny eýeläpdir. Gadymy döwürlerden başlap, halkymyz biri-birine ýardam bermek, ýagşylyk etmek däbine uly ähmiýet beripdir. Bu ýörelge türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolup, «Haýyrdan haýyr dogar», «Ýagşylygyň özi baýlyk» ýaly pähimlerde öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde hem döwlet derejesinde-de haýyr-sahawat işlerine giň mümkinçilik döredilýär. Ýurdumyzda dürli haýyr-sahawat guramalary, jemgyýetçilik fondlary, ýaşlar birleşikleri jemgyýete peýdaly işleri alyp barýarlar. Bu hereketleriň maksady mätäçlere goldaw bermekden, adamlaryň arasynda ynsanperwerlik, raýdaşlyk, wepalylyk ýaly ýokary ahlak gymmatlyklaryny ösdürmekden ybaratdyr.
Haýyr-sahawatly bolmak diňe bir başgalara peýda ýetirmek bilen çäklenmän, ynsanyň öz ruhy dünýäsini hem baýlaşdyrýar. Beýlekiniň şatlygyndan şat bolmak, biriniň ýüregine umyt salmak, biri üçin ýagşylyk etmek iň ýokary ynsanlyk duýgularynyň biridir. Şeýlelikde, haýyr-sahawat jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny üpjün edýän möhüm gymmatlykdyr. Netijede, haýyr-sahawat jemgyýetiň bitewüligini, ynsanlaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýän beýik ýörelgedir. Her bir adam, öz mümkinçiligine görä, jemgyýete peýdaly iş etmek, ýagşylyk etmek bilen ýurdumyzyň ösüşine we ruhy baýlygyna goşant goşup biler.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF









