12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni mynasybetli «Hazar deňzi – dostluk we parahatçylyk deňzi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Hazarýaka döwletleriniň wekilleri, halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilleriniň birnäçesi gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Bu resminama kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň wekilleri tarapyndan Tähranda 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çekilipdi. Tähran konwensiýasy diňe bir Hazaryň daşky gurşawyny mümkin bolan hapalanma çeşmelerinden goramak bilen çäklenmän, eýsem, onuň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge, gorap saklamaga hem gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriniň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar. Bu maksatlara ýetmek üçin Hazarýaka döwletleriň özbaşdak ýa-da bilelikde ähli zerur çäreleri görmegi we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi zerurdyr.
Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi.
Hazar deňzi bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça dialogyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Hazaryň deňiz gurşawyny gorap saklamaga gönükdirilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazar deňzi dünýädäki umman gelip çykyşly iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik, haýwanat dünýäsini saklap galypdyr. Hazaryň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, şol sanda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we diňe şu ýere mahsus bolan köp sanly görnüşleriň ösýän, ýaşaýan künjegidir.
Hormatly Prezidentimiz halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşýanlara Gutlag hatyny iberdi. Gutlagda hormatly Prezidentimiz Hazar deňzi diňe bir biziň halklarymyzyň ykdysady ösüşi üçin däl, eýsem, dostlugyň, parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup hyzmat edýär. Biz bu baýlygy geljekki nesiller üçin gorap saklamakda birleşmeli diýip belleýär.
Maslahatda Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa ýaly Hazarýaka döwletleriň ilçileri hem çykyş edip, deňzi goramak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki işleriň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, OSCE-niň, Bütindünýä bankynyň, FAO-nyň, IOM-nyň we GIZ-niň wekilleri çykyş etdiler.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow hormatly Prezidentimiziň Hazar deňziniň tebigy gurşawyny goramak boýunça döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtady. Ol biziň döwletimiziň Hazar deňziniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de ony geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrunda halkara hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.
Hazar deňziniň deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, Tähran konwensiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, deňziň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň goraglylygy, gidrometeorologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem-de ekologiýa kadalarynyň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin çykyşlar edildi.
Forumyň dowamynda Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologiýa meseleleriniň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän wajyp meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler degişli ulgamda sebitiň döwletlerinde, şol sanda «Hazar ekologiýa maksatnamasy» atly sebit maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işlere ünsi çekdiler. Bu maksatnama Hazar deňziniň ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda ony hapalanmadan, biologik baýlyklarynyň tükenmeginden goramaga; häzirki meseleleri ýüze çykarmak we olaryň gerimine baha bermek üçin deňizde gözlegleri geçirmäge; hapalanma çeşmelerini ýüze çykarmaga; hapalanmanyň derejesini peseltmek we biologik baýlyklary dikeltmek arkaly Hazar deňzini halas etmek, onuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky Konwensiýany işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Bellenilişi ýaly, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Hökümetleri tarapyndan tassyklanan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa (Tähran konwensiýasy) Hazar ekologiýa maksatnamasynyň möhüm üstünligi boldy. Häzirki wagtda bu resminamada kesgitlenen halkara hukuk esaslary Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde öz beýanyny tapýar.
Maslahata gatnaşyjylar Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän başga-da birnäçe halkara resminamalaryň, şol sanda Eýranyň Ramsar şäherinde BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýetli Suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasynyň (Ramsar konwensiýasy) kabul edilendigini nygtadylar. Ol tutuşlygyna ekoulgamlaryň bir görnüşine ýa-da habitatlaryň bir görnüşine – haýsydyr bir anyk biologik görnüşiň ýa-da görnüşleriň ýaşaýan tebigy gurşawyna (tokaýlar, ýerasty gowaklar, köller, derýalar we beýlekiler) bagyşlanan ilkinji ählumumy halkara ylalaşykdyr.
Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlarda Hazar deňziniň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny nygtaldy. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly we howpsuz aragatnaşygy üpjün etmek, ýokary girdejili, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary çekmek üçin amatly şertleri döretmek kenarýaka döwletleriň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzi sebitiň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köp sanly halkara taslamalaryň wajyp bölegi bolup durýar. Şeýle-de çykyş edenler Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana toplumyny döretmek taslamasyna ýokary baha berdiler. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebitiň mineral-çig mal, biologik, şypahana-dynç alyş, syýahatçylyk mümkinçiliklerini peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär. Bu dynç alyş zolagy bejeriş-sagaldyş, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Häzirki wagtda syýahatçylyk ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşmak bilen, milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň birine öwrülýär.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär etmek üçin mümkinçilikdigini nygtadylar hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny tassykladylar.
Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar Hazar deňziniň tebigatyna bagyşlanan sergi bilen hem tanyşdylar. Şeýle hem sport ýaryşlary, medeni gezelençler we döredijilik duşuşyklary guraldy. Çäreleriň dowamynda myhmanlara Hazar deňziniň özboluşly gözelligi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzyň baý syýahatçylyk potensialy giňden görkezildi.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, Hazar deňziniň goraglylygyny üpjün etmäge hem-de dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.