Gazagystanyň hökümeti Hazar deňzini hemmetaraplaýyn öwrenmek we gorap saklamak üçin ätiýaçlyk gaznasyndan 1,1 milliard teňňe (2,21 million ABŞ dollary) bölüp berdi, bu barada sişenbe güni Ministrler Kabinetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Ýurduň Premýer-ministri Olžas Bektenow serişdeleri Hazar deňziniň Gazagystan ylmy-barlag institutyna (YBI) gönükdirmek baradaky karara gol çekdi.
Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, serişdeler deňiz monitoringini geçirmek üçin enjamlary satyn almaga, şeýle hem gidrobiologik we gidrohimiýa barlaghanalaryny enjamlaşdyrmaga gönükdirildi.
“Bu çäre Ylmy-barlag institutyna gönüden-göni deňiz akwatoriýasynda hemmetaraplaýyn monitoringe geçmäge, şol sanda gurşawyň gidrometeorologik we biologik parametrlerine ulgamlaýyn gözegçilik etmäge hem-de deňziň Gazagystan bölegindäki prosesler baradaky ylmy esaslandyrylan binýady giňeltmäge mümkinçilik berer” diýlip, habarda bellenilýär.
PDF









