Türkmenistanda 9 sany tebigy goraghana bar. Olaryň içinde Hazar döwlet tebigy goraghanasy ýeke-täk deňiz goraghanasydyr. Onuň tutýan meýdanynyň 70 göterimden gowragyny deňiz suwunyň akwatoriýalary eýeleýär.
Goraghananyň çäkleriniň biodürlüligi balyklaryň 48, süýrenijileriň 26, süýdemdirijileriň 42, oňurgaly jandarlaryň 429, ösümlikleriň 660 hem-de goraghananyň esasy baýlygy bolan guşlaryň 311 görnüşinden ybaratdyr. Hazar goraghanasynyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň aýratynlyklarynyň biri hem, olaryň käbirleriniň endemik hasaplanmagydyr.
Ylymda endemikler diýip şol bir ýerde ýaşaýan, başga ýerde duş gelmeýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerine aýdylýar. Şonuň üçin hem onlarça görnüşi kenarýaka döwletleriň gyzyl kitaplaryna, şeýle-de halkara Gyzyl kitabyna girizilendir. Goraghanadaky ösümlik we haýwanat dünýäsi häzirki wagtda alymlar tarapyndan ylmy taýdan öwrenilýär.
Hazar deňziniň gözelligi onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hazar ýakasynyň tebigaty haýran galdyryjy derejede köpdürlidir. Goraghanada dürli ösümlikleriň görnüşleri bellige alnyp, onuň köp bölegi Etrek derýasynyň aşaky akymlarynda ýerleşendir. Hazar suwotulary barada aýdylanda bolsa, ýurdumyzyň çägindäki böleginde onuň dürli görnüşleri duş gelýär. Olaryň arasynda ýaşyl, gyzyl, goňur suwotulary agdyklyk edýär. Suwotularda ýaşaýyş üçin möhüm bolup durýan hem-de oňaýly täsirleri arkaly tapawutlanýan maddalaryň baý çeşmesi bar diýip hasaplanylýar. Deňizde ýaşaýan dürli jandarlar üçin gymmatly iýmit bolmak bilen bir wagtda, suwotularyň birnäçe görnüşini derman serişdelerini öndürmekde giňden peýdalanmak mümkindir. Alymlar suwotularyň möhüm aýratynlyklarynyň biri hökmünde düzüminde ýokary molekulýar doýgun däl ýag kislotalaryny saklaýandygyny nygtaýarlar. Şeýle ýag kislotalary adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin möhüm orny eýeleýär.
Ýeri gelende bellesek, Hazar döwlet goraghanasy öz döreýiş taryhyny 1932-nji ýyldan alyp gaýdýar. Goraghananyň umumy tutýan meýdany biri-birinden ep-esli uzaklykda ýerleşýän üç bölekden: Hazar we Esenguly meýdançalaryndan, şeýle-de Ogurjaly çäkli goraghanasyndan ybaratdyr. Goraghananyň umumy meýdany 268 müň gektar bolup, Hazar böleginiň (Demirgazyk Çeleken, Mihaýlowsk aýlaglary) meýdany 192,3 müň gektardyr, 80 göterimden gowragy bolsa suw-batgalyk ýerlerdir. Esenguly böleginiň 69,7 müň gektar meýdanynyň 36,9 müň gektary suw giňişligidir. Ogurjaly çäkli goraghananyň meýdany 7 müň gektara deňdir. Bu goraghana özüniň dörän ilkinji ýyllaryndan başlap Watanymyzyň deňizýaka sebitiniň tebigatyny öwrenmek, onuň çeşmelerini ýerlikli peýdalanmak we goramak işi boýunça örän möhüm wezipeleri ýerine ýetirip gelýär.
Ýelena Karimowa,
Köneürgenç etrabyndaky 51-nji orta mekdebiň biologiýa mugallymy.