Astanada Hazaryň düwlenlerini we olaryň ýaşaýan ýerlerini goramak üçin ýörite goraghana dörediler. Bu barada “Kazinform” agentligi Gazagystan Prezidentiniň halkara daşky gurşaw hyzmatdaşlygy boýunça ýörite wekili Zulfiýa Süleýmenowa salgylanyp habar berdi.
-Häzirki wagtda Hazar deňzinde uly işler alnyp barylýar, belläp geçsek döwlet Baştutanynyň hem bu ugurda birnäçe başlangyçlary bar. Olardan biri, Hazaryň düwlenleriniň ýaşaýan ýerlerini we ýataklaryny gorap saklamaga ýardam berjek goraghana döretmekdir. Mundan başga-da, Hazar deňzini öwrenmek üçin ylmy-barlag instituty döredildi, şol bir wagtyň özünde hem häzirki wagtda goşmaça taslamalar barada aýratyn maslahatlary geçirýäris – diýip, Zulfiýa Süleýmenowa aýtdy.
Ýakynda Respublikanyň Oba hojalygy ministrligi düwlenleriň Mangistauskaýa sebitiniň kenarlaryna aralaşmagynyň sebäplerini düşündirdi. Minsistrlik fewral aýynyň ahyrynda we mart aýynyň başynda Hazar deňziniň demirgazyk böleginde howanyň we suwuň derejesiniň düýpgöter peselendigini hasaba aldy.
-Şol bir wagtyň özünde, ýatlanyp geçilen döwürde günbatar tarapdan öwüsýän güýçli ýeller kenara tarap ugur alyp, buz bölekleriniň süýşmegine we biri-birine berk gysylmagyna getirip, düwlenleriň ulularyna suwa çümmäge mümkinçilik döretmedi. Şeýlelik bilen düwlenler iýmitlenmek mümkinçiliginden mahrum boldular. Öz gezeginde ýeliň we suw akymlarynyň täsiri astyndaky buzlar bilen bilelekde ýaş düwlenler hem kenara geldiler. Iýmit gözlemek üçin düwlenler, kyn howa şertlerinde ýoluny ýitirendikleri sebäpli Karažanbas we Kalamkas ýataklaryndaky kenarlara çykdylar – diýip, Oba hojalygy ministrliginiň Balykçylyk komitetinde habar berdiler.
Soňky wagtlar ýurduň Mangistauskaýa sebitinde Hazaryň kenar ýakasyndan uzakda düwlenleriň tapylmagy ýygy-ýygydan ýüze çykdy.