Gazagystan we Estoniýa Hazarüsti halkara ulag ugrunyň (HHUU, Orta geçelge) çäklerinde Estoniýanyň üsti bilen amala aşyrylýan gatnawlaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň geljegini maslahatlaşdylar.
Bu mesele «Қазақстан темір жолы» Paýdarlar Jemgyýeti Milli kompaniýasynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Talgat Aldybergenowyň «Eesti Raudtee» («Estoniýa demir ýoly») döwlet paýdarlar jemgyýetiniň dolandyryş geňeşiniň başlygy – baş direktory Kaýdo Simmermann bilen geçiren iş duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar bu ugruň Ýewropa bazarlaryna eksport ýollaryny diwersifikasiýa etmek üçin möhüm bolup durýandygyny bellediler. Esasy üns Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük akymlaryny optimallaşdyrmak üçin ulag ulgamlarynyň integrasiýasyna gönükdirildi.
Duşuşygyň dowamynda «Eston portlarynyň gatnaşmagy we olaryň kuwwatynyň biziň ulag geçelgelerimize birikdirilmegi, goşmaça ýük akymynyň ösmegini üpjün etmäge hem-de bazaryň ähli gatnaşyjylary üçin logistiki çözgütleriň bäsdeşlik ukybyňy ýokarlandyrmaga ukyplydyr» diýlip bellenildi.
2025-nji ýylda Gazagystan bilen Estoniýanyň arasyndaky demir ýol gatnawlarynyň möçberi 2,1 esse artyp, 382,4 müň tonna deň boldy. Eksport 2,6 esse artyp, 313,7 müň tonna, import bolsa 30,2% artyp, 29,7 müň tonna ýetdi.
Gepleşikleriň netijesinde taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we ýükleri eltmegi çaltlandyrmak üçin täze tehnologiki çözgütleri jikme-jik işläp düzmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Orta geçelge diýlip hem atlandyrylýan Hazarüsti halkara ulag ugry Hytaýy we Ýewropa ýurtlaryny Hazar deňziniň akwatoriýasy, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe arkaly birleşdirýär.