Halkara energiýa agentligi (HEA) dünýäde nebit we gaza bolan isleginiň 2050-nji ýyla çenli artyp biljekdigini habar berdi. Çünki ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp amerikan kompaniýalaryny nebit we gaz önümçiligini has-da ösdürmäge çagyrdy. Halkara energiýa agentligi özüne agza ýurtlar tarapyndan maliýeleşdirilýär, ABŞ bolsa bu gurama iň uly maliýe goşandyny goşýar. HEA-nyň seljermesi we maglumatlary dünýäniň dürli künjeklerinde hökümetleriň we kompaniýalaryň energiýa syýasatyny kesgitleýär.
Golaýda Halkara enerji agentligi tarapyndan çap edilen ýyllyk “Dünýä energetikasynyň ösüşiniň geljegi” atly hasabatda, häzirki syýasat dowam eden halatynda, nebite bolan islegiň asyryň ortalaryna çenli günde 113 million barrele ýetjekdigini, bu bolsa 2024-nji ýyldaky sarp edilişden, takmynan, 13% ýokary boljakdygyny çaklady.
HEA şeýle hem global suwuklandyrylan tebigy gaz bazarynyň 2024-nji ýylda, takmynan, 560 milliard kub metrden 2035-nji ýylda 880 milliard kub metre we 2050-nji ýylda 1 020 milliard kub metre çenli ösjekdigini çaklaýar.
PDF









