Türk­me­nis­ta­nyň Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Döw­let ýan­gyn howp­suz­ly­gy gul­lu­gy elekt­rik ýy­ly­lyk be­ri­ji en­jam­la­ry­nyň howp­suz­lyk çä­re­le­ri ba­ra­da öz mas­la­hat­la­ry bi­len ýüz­le­nip, şu­la­ry ýat­lad­ýar:
Elekt­rik ýy­ly­lyk be­ri­ji en­jam­la­ry ýa­ny­jy öý goş­la­ry­nyň, pen­ji­re­le­riň per­de­le­ri­niň go­la­ýyn­da go­ýup ulan­mak, elekt­rik ýy­ly­lyk be­ri­ji en­jam­la­ry­nyň aşa­gy­na oda dur­nuk­ly çig ma­ly dü­şe­mez­den ulan­mak ga­da­gan edil­ýär. Elekt­rik ýy­ly­lyk be­ri­ji en­jam­lar elekt­rik bi­rik­di­ri­jä bi­rik­di­ri­len­de, onuň berk gy­sy­lyp dur­ma­gy­ny üp­jün edip, köp wag­tyň do­wa­myn­da dyn­gy­syz iş­let­mek ýa-da iş­läp du­ran wag­ty gö­zeg­çi­lik­siz gal­dyr­mak ga­da­gan edil­ýär. Se­net­çi­lik usu­lyn­da ýa­sa­lan we nä­saz elekt­rik ýy­ly­lyk be­ri­ji en­jam­la­ry ulan­mak, elekt­rik çy­ra­la­ryň da­şy­na ýa­ny­jy çig mal­la­ry ört­mek, ýe­ňil tu­taş­ýan ýa­ny­jy su­wuk­lyk­la­ry ulan­mak ar­ka­ly öý­ler­de aras­sa­çy­lyk iş­le­ri­ni ge­çir­mek, en­jam­la­ry we gu­ral­la­ry aras­sa­la­mak ga­da­gan edil­ýär.
Ýan­gy­nyň ala­mat­la­ry duý­lan­da te­le­fon ar­ka­ly 01 ýa-da öý­jük­li yk­jam el te­le­fo­nyn­dan 001 bel­gä jaň edip, ha­bar ber­me­gi ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Ýan­gyn howp­suz­lyk düz­gün­le­ri­ni ber­jaý et­mek, howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len anyk çä­re­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­den yba­rat­dyr.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy.