Şu gün – 8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty öz işini tamamlady.
Forumyň soňky gününde geçirilen mejlisde maslahatyň jemleri jemlendi. Mejlisde çykyş eden wekiller forumyň ýokary derejede geçirilip, onda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, anyk wezipeleriň kesgitlenilendigini aýtdylar. Şeýle hem çykyş etmek üçin halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilen ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşliklerden we forumlardan ýörite wekillere söz berildi. Olar degişli çäreleriň geçişine syn berip, olarda öňe sürlen garaýyşlar, kabul edilen çözgütler, öňde goýlan wezipeler barada beýan etdiler.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima öz çykyşynda, Azawa forumynyň taryhy maslahat bolandygy belläp, forumyň başyndan soňuna çenli geçirilen ähli çykyşlarda bellenilip geçilen “geografiýa ykbaly kesgitlemeli däl” sözüniň bu forumda doly tassyklanandygyny belledi.
Dört günläp dowam eden çäre innowasiýalaryň we maksadaokgunlulygyň merkezi boldy, birnäçe täzelikçi netijeler gazanyldy.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasyny tassyklaýan syýasy Jarnama kabul edildi.
Jemleýji çykyşlarda Awaza forumynyň öz işini tamamlandygy, indi bu ýerde kabul edilen çözgütleri hem-de öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin hereket etmegiň wagtynyň gelendigi aýratyn bellendi.
Awaza forumyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirdiler.
Forumyň jemleýji mejlisinden soň, bu çärä bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.
Soňra ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda halkara forumyň tamamlanmagynyň nyşany hökmünde baýdak düşürmek dabarasy geçirildi.