Hindistan 2047-nji ýyla çenli 400-den gowrak aeroportdan ybarat ulgam döretmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň Premýer-ministri Narendra Modi Haýdarabatda geçen awiasiýa sammitinde mälim etdi. “2014-nji ýylda Hindistanda 70 aeroport bardy. Şu gün Hindistandaky aeroportlaryň sany 160-dan geçdi. Biz ýurtda 100-den gowrak aerodromy ulanmaga berdik we mundan başga-da, raýatlarymyz üçin elýeterli awiamaksatnamalary işe girizdik. 2047-nji ýyla çenli Hindistanda 400-den gowrak aeroportyň bolmagy göz öňünde tutulýar” diýlip, materialda aýdylýar. Premýer-ministr hökümetiň Hindistanda aeroportlary ösdürmek maksatnamasynyň indiki tapgyrynyň üstünde işleýändigini, munuň bolsa sebitleriň arasyndaky awiagatnawlary has-da berkitjekdigini belledi. Materialda soňky on ýylyň içinde Hindistanyň raýat awiasiýasy pudagynyň ep-esli ösendigi bellenilýär. Ýolagçy akymy birnäçe esse artdy, bu bolsa Hindistany dünýäniň öňdebaryjy awiasiýa bazarlarynyň hataryna goşýar.
PDF









