Hindistanyň kosmos barlaglary guramasy 2025-nji ýylyň dekabrynda adamsypat robotly kosmos gämisini orbita ibermegi meýilleşdirýär diýip, guramanyň başlygy Wanniýaperumal Naraýanan aýtdy. Uçuş 2027-nji ýylyň martynda meýilleşdirilen “Gaganyaan” missiýasynyň çäklerinde amala aşyrylar.
-Zenan keşpli «Wiommitra» atly adamsypat robot kosmos gämisiniň ähli esasy ulgamlaryny barlamak üçin iberiler – diýip, Naraýanan belledi. “Wiommitra” durmuşy üpjün edýän ulgamlary we uçuşa gözegçilik ulgamyny synagdan geçirer. Guramanyň başlygynyň sözlerine görä, 2026-njy ýylda ýene iki sany pilotsyz missiýanyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Eger-de olar şowly bolsa, Hindistanyň ilkinji dolandyrylýan kosmos missiýasy 2027-nji ýylyň martynda uçurylar.
Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi 2018-nji ýylda “Gaganyaan” taslamasyny yglan etdi we 2022-nji ýylda ilkinji adamly kosmos uçuşyny amala aşyrmak barada maksat goýdy. Ýöne COVID-19 pandemiýasy we beýleki meseleler zerarly uçuş yza süýşürdi.
Missiýanyň kosmos gämisi Hindistanyň kosmos barlaglar guramasy tarapyndan işlenip düzülýär we üç adamdan ybarat ekipaža niýetlenendir. Hindistan Russiýadan, ABŞ-dan we Hytaýdan soň kosmosa adamly uçuşy özbaşdak amala aşyran dördünji ýurt bolup biler.