Hindistan maglumat merkezlerine 200 milliard dollara çenli maýa goýumlaryny çekmegi meýilleşdirip, emeli aň boýunça dünýä merkezine öwrülmäge işjeň ymtylýar. Elektronika we maglumat tehnologiýalary ministri Aşwini Waýşnaw ýurduň ösüşe gönükdirilen açyk we elýeterli çözgütleri hödürlemek bilen, Global Günortanyň ýurtlary üçin emeli aň pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni görkezýändigini belledi.
Iň iri tehnologiýa kompaniýalary eýýäm Hindistanyň emeli aň infrastrukturasyna uly möçberli maýa goýumlaryny yglan etdiler. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda “Google” kompaniýasy Andhra-Pradeş ştatynyň Wişakhapatnam şäherinde emeli aň merkezini döretmek üçin bäş ýylyň dowamynda 15 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Bu taslama 1 gigawatt kuwwatyndaky maglumat merkeziniň gurluşygyny, täze halkara suwasty kabelini we optiki-süýümli ulgamynyň giňeldilmegini öz içine alýar.
2025-nji ýylyň dekabrynda “Microsoft” kompaniýasy Aziýadaky iň iri maýa goýumyny yglan edip, dört ýylyň dowamynda Hindistanyň bulut we emeli aň infrastrukturasyny ösdürmäge 17,5 milliard dollar goýmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. “Amazon” hem 2030-njy ýyla çenli öz biznesini giňeltmek we emeli aňa esaslanýan sanlylaşdyrmaga aýratyn üns bermek üçin ýurda 35 milliard dollar maýa goýmaga borçlandy.
Bu ösüşi goldamak üçin Hindistan 38 000-den gowrak grafiki prosessorly (GPU) umumy hasaplama merkezleri ýaly infrastrukturalary gurýar we maýa goýumlaryny çekmek üçin salgyt ýeňilliklerini hödürleýär. Ýurduň strategiýasy hindi dillerine we ýerli isleglere uýgunlaşdyrylan esasy emeli aň modellerini ösdürmegi, emeli aň ugrunda bilim bermegi we işgärleriň hünärini kämilleşdirmegi, şeýle hem innowasiýalary bökdemezden, töwekgelçilikleri kadalaşdyrýan syýasy çarçuwany döretmegi öz içine alýar.
Hindistan öz ösüş modelinde hemmetaraplaýynlygy we durnuklylygy öňe sürmek bilen, emeli aň babatynda dünýä ülňüleriniň kemala gelmeginde saldamly orun eýelemäge çalyşýar. Sebitdäki 5G ulgamynyň gerimi we ýaş ilatyň köplügi ýurtda emeli aňyň çalt ornaşmagyna ýardam edýär.
PDF








