Hökümetdäki hem-de ýerli şeker pudagyndaky çeşmelere salgylanýan «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, Hindistan şeker önümçiligini artdyrmak üçin etil spirtiniň önümçiliginde ulanylýan şekerçiňrigi azaltmakçy. Sebäbi ýurtda şekeriň bahasy soňky aýda 10 göterim gymmatlady we azyndan öňdäki üç aýlap şeýle bolmagynda galar diýlip çaklanýar. Hindistanda benziniň düzüminde 20 göterim etanol bolmalydygy boýunça döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Respublikada ýetişdirilýän şekerçiňrigiň 10 göterime golaýy etil spirtiniň önümçiliginde ulanylýar.
Hindistanyň şekerçiňrik ösdürip ýetişdirmek boýunça öňdebaryjy ştatlarynyň ikisinde şu ýyl ygal az düşdi, bu bolsa geljek ýylyň hasyly babatda hem howatyrlanma döredýär. Önümçiligiň möçberiniň azalmagy şekeriň nyrhynyň gymmatlamagyna getirdi. Onuň öňüni almak üçin Hindistanyň Hökümeti şekerçiňrigiň şiresinden däl-de, mekgejöweniň we şalynyň suwundan etil spirtini almagy meýilleşdirýär. Munuň özi şekeriň importyndan saklanmaga ýardam berer.
PDF








