Hindistan hökümeti sebitleýin howa gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilen Modified UDAN (Ude Desh ka Aam Nagrik – ýurduň ýönekeý raýaty hem uçsun”) atly maksatnamany tassyklady. Onuň býujeti 28,840 million hindi rupiýasy (takmynan 3,5 milliard ABŞ dollary) bolar. Bu maksatnama 10 ýyl üçin meýilleşdirilip, onuň çäklerinde ýurtda jemi 100 aeroport we 200 sany dikuçar meýdançasyny gurmak meýilleşdirilýär. Esasy maksat ýurtda bar bolan kiçi şäherleri umumy awiasiýa ulgamyna birikdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem taslama täze ugurlaryň ykdysady taýdan netijeli bolmagyny üpjün etmek üçin awiakompaniýalara maliýe goldawyny bermegi hem öz içine alýar. Häzirki wagtda Hindistanda jemi 163 sany aeroport bolup, ýurduň häkimiýetleri olaryň sanyny 2047-nji ýyla çenli 350-400-e çenli artdyrmagy maksat edinýärler.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.