“Sanjay Puri Architects” studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestiž uniwersiteti üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. Binagär Sanjay Puri tarapyndan esaslandyrylan firma bilim edaralary, ýaşaýyş toplumlary we jemgyýetçilik ýerleri üçin dizaýn işläp taýýarlaýar. Studiýanyň işleri birnäçe halkara binagärlik baýraklaryna mynasyp boldy. Studiýanyň häzirki wagtdaky hödürlän taslama işi 5 gatly binadan ybarat bolup, ol 30 müň 800 inedördül metr meýdany eýeleýär. Beýikligi 28 metre deň bolan binada synp otaglary, kitaphana we kafe ýerleşer. Bu ajaýyp bina gadymy hindi guýularyny ýada salýan 463 basgançakly platformadan ybaratdyr. Taslamanyň esasy aýratynlygy onda pyýadalar üçin üçek, şeýle hem 4 sany terrasa, toplumyň düýbünde giňişligi tebigy ýagdaýda salkyn saklajak ýalpak howuz bolar. Bulardan başga-da, binanyň üçeginde dynç alyş zolaklary we leksiýa jaýlary bolup, onda takmynan, 900 adamlyk umumy auditoriýa ýerleşer.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









