Hindistanyň ilaty 1,5 milliard adama ýakynlaşdy we geljekde ýene 200 million artar. Bu barada BMG-niň ilat gaznasy (UNFPA) tarapyndan berlen hasabatda aýdylýar. Hasabatda “Hindistan häzirki wagtda dünýäde iň köp ilatly ýurdy bolup, takmynan 1,5 milliard ilaty bar; bu san takmynan ýene-de 40 ýyldan azalyp ugramazdan öň 1,7 milliard köpelmegine garaşylýar” diýilýär.
Resminamada Hindistanda bir zenan ortaça iki çaga dogurýar diýilýär.
BMG-niň geçen ýyl ýaýradan “World Population Prospects” hasabatynda, şu asyrda Hindistanyň ilatynyň 1960-njy ýyllaryň başyndaky ösüş ýaly iň ýokary derejä ýetip, takmynan, 1,7 milliard adam boljakdygy tassyklanýar.
Halkara guramanyň çaklamalaryna görä, dünýä ilaty 2080-nji ýyllaryň ortalarynda 10,3 milliarda ýeter.
Şu ýylyň başynda Hytaýyň ilatynyň 2024-nji ýylda 1,39 million adam azalyp, 1,408 milliarda deň bolandygy habar berildi. ABŞ-nyň “The Wall Street Journal” gazeti Hytaýyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady we demografiki dartgynlyga duçar bolup biljekdigini ýazdy.