Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitinde çykyş edip, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň başynda häzirki duşuşygyň Sianda geçirilen ozalky sammitde hem-de onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasynda beýan edilen ideýalardyr teklipleri berkitmäge, olara dowamatlylyk bermäge we ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Mälim bolşy ýaly, onda ýurtlarymyzyň şu formatda bilelikdäki iş alyp barýan ugurlarynyň birnäçesi hasaba alyndy. Şolaryň hatarynda syýasy-diplomatik, ykdysady, maýa goýumlar, ulag, energetika, ekologiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlary görkezmek bolar. Hormatly Prezidentimiz şunda mowzuklaýyn çägiň şeýle giň bolmagynyň tebigy ýagdaýdygyny aýdyp, onuň biziň gatnaşyklarymyzyň hakyky çuňlugyny, yzygiderliligini, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýetilen derejesini, halklarymyzyň bähbidine bilelikde işlemek üçin umumy taýýarlygy görkezýändigine ünsi çekdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýädäki häzirki ýagdaýlary nazara alyp, dostlukly ýurtlaryň Liderlerini daşary syýasatda Türkmenistanyň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak bilen bagly öňe süren teklibine aýratyn ähmiýet bermäge çagyrdy. Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň hem giňeltmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny görýär. Biziň ýurdumyzyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasynda sebitiň döwletleriniň möhüm orny göz öňünde tutulýar. «Onuň Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy, biziň pikirimizçe, milli ulag-logistika mümkinçiliklerimizi umumy bähbitleriň hatyrasyna ýakynlaşdyrmaga we ulanmaga ýardam eder» diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda belledi. Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäginde energetika ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň hem tarapdary bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň tebigy gazy we elektrik energiýasyny ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz söwdany, täjirçiligi ösdürmegiň, dürli ugurlara ýöriteleşen bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, innowasion ugurly hyzmatdaşlygyň hem biziň ýurtlarymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmeginde möhüm orna eýedigini nygtap, bu babatda birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi. Şeýle-de medeni dialogyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurtlarymyzyň arasynda wajyp meseleler boýunça başy başlanan dialogyň şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyň çäginde dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, dostlukly döwletleriň Baştutanlaryny bu iri maslahata gatnaşmaga çagyrdy.