Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar hem-de Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda  bolar.

Ýakyn goňşy we sebit döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin, durnukly esasda ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi döwletara hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sebitde netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak, möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmalary öz içine alar. Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurdaş çäreleriň birnäçesi guralar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Özbegistan hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly dialogy ösdürmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi. Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu barada 14-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.