17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz we HHR-iň Başlygy mähirli salamlaşyp, “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitiniň çäklerinde duşuşmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Si Szinpin Hytaýda Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara we özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belläp, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine iberen mähirli salamyny ýetirdi we ýokary derejedäki şeýle duşuşyklaryň döwletara gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda hemişe möhüm we ähmiýetli wakadygyny belledi. Bu duşuşyklarda biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň barşy we halkara meseleler barada pikir alyşýarys. Şeýle dialog ýurtlarymyzyň arasynda ýyl-ýyldan pugtalanyp, täze ugurlary öz içine alýan strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Hytaýyň Türkmenistan üçin wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşdygyny, dünýä we sebit gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini aýtdy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasyny dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri, berk taryhy binýat, umumy ruhy we ahlak gymmatlyklary düzýär.
Bellenilişi ýaly, dünýä giňişliginde Türkmenistan hem-de Hytaý parahatçylyk, durnuklylyk, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda tagallalary birleşdirýärler. Türkmenistan hytaý tarapynyň öz Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de sebit howpsuzlygy, energetika, ulag hyzmatdaşlygy, ekologiýa ulgamlarynda öňe sürýän başlangyçlaryna goldawyna ýokary baha berýär. Öz gezeginde, biziň ýurdumyz hem Hytaýyň başlangyçlaryny goldaýar.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Türkmenistan hem-de Hytaý köp ýyllaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, türkmen tebigy gazyny dostlukly ýurda eksport etmek boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugruň strategik häsiýete eýedigini hem-de ony özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk esasynda mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistan söwda we ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunda dokma senagaty, demir ýol ulagy, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy tassyklanyldy.
Ulag ulgamyndaky gatnaşyklara-da aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşler durnukly sebitara üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Medeni-ynsanperwer ulgam türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurtlarymyz ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi halklarymyzy ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär.
Söhbetdeşler halkara giňişlikdäki özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny döretmek başlangyjyna ünsi çekdi. Türkmen tarapynyň garaýşyna görä, bu strategiýada ösüp barýan ýurtlaryň häzirki zaman dünýä gatnaşyklarynda eýeleýän ornuna, parahatçylyk döredijilik işinde öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplyk ýörelgeleriniň ulanylmagyna üns çekilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara forumda bu meseläniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirdi.
HHR-iň Başlygy hytaý tarapynyň Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän netijeli başlangyçlaryny goldaýandygyny nygtady. Si Szinpin ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we hormatly Prezidentimizi Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy. Şeýle hem söhbetdeşler “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň halkara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň biridigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Başlyk Si Szinpin şeýle formatdaky birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki dostlukly döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiziň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy yglan etmek dabarasy boldy.


Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşýandyklary hem-de sebit hyzmatdaşlygyny yzygiderli goldaýandyklary üçin döwletleriň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky ynanyşykly gatnaşyklaryň, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, birek-birege goldaw bermäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasynyň kemala gelendigini aýtdy. Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, şu gezekki duşuşygyň Sian şäherinde geçirilen sammitde beýan edilen wajyp pikirleri we teklipleri, onuň jemleri boýunça kabul edilen Sian Jarnamasyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri we Hytaý yklym hem-de sebit prosesleriniň möhüm gatnaşyjylary hökmünde çykyş edýärler. Biziň syýasy-diplomatik ulgamdaky hyzmatdaşlygymyz tutuş Aziýada geosyýasy ýagdaýa oňyn täsir edýär, durnukly we uzak möhletli parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk üçin şertleri döretmäge ýardam berýär. Hyzmatdaşlygyň bu formaty pikir alyşmak, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça tagallalary utgaşdyrmak, iri halkara meýdançalarda hem-de forumlarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda, birnäçe sebit düzümlerinde özara ylalaşylan diplomatik kararlary kabul etmek üçin yzygiderli gurallaryň bolmagyny şertlendirýär. Daşary syýasat ulgamynda, dünýädäki häzirki ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjyna ähmiýet berilmegini teklip edýäris. Bu resminamanyň syýasy, hukuk we dünýägaraýyş esaslary şu formata gatnaşyjylaryň geljekki ösüş hem-de ählumumy prosesler babatda konseptual çemeleşmelerine, garaýyşlaryna laýyk gelýär diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň dünýä gatnaşyklarynda ösüp barýan ýurtlaryň eýeleýän orny, öňüni alyş diplomatiýasynyň, Bitaraplyk ýörelgeleriniň, beýleki parahatçylyk döredijilik we gepleşik meýdançalarynyň ulanylmagy barada barýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki ýubileý sessiýasynyň dowamynda şu formatyň çäklerinde Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça geňeşmeleri geçirmegi, onuň esasy düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Hormatly Prezidentimiz bu işi Aziýa toparyndaky hyzmatdaşlar bilen başlamagyň, soňra geňeşmelere gatnaşyjylaryň düzümini giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, sammite gatnaşyjylar bu teklibi goldasa, türkmen tarapynyň minnetdar boljakdygyny aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikler bar diýip hasaplaýar. Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň esasy orny göz öňünde tutulýar. Biziň pikirimizçe, bu strategiýanyň Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjy bilen utgaşdyrylmagy milli ulag-logistika mümkinçiliklerini ýakynlaşdyrmaga we olary umumy bähbitler üçin ulanmaga ýardam berer. Biziň döwletlerimize bu ählumumy başlangyçda möhüm orun degişlidir. Häzirki günde Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, Günorta we Merkezi Aziýanyň, Orta hem Ýakyn Gündogaryň çäklerini gurşap alýan döwrebap ygtybarly we toplumlaýyn ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge diňe bir şertler däl, eýsem, zerurlyk hem bar.
Türkmenistan biziň formatymyzyň çäklerinde energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda-da çykyş edýär we munuň üçin oňyn şertler bar diýip hasaplaýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de ýurdumyzyň türkmen tebigy gazynyň iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady. Elektroenergetika hem energetika hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda Türkmenistan elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny we möçberlerini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şeýle-de söwdanyň, telekeçiligiň höweslendirilmegi, dürli ugurly bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň bilelikdäki ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýär.
Döwlet Baştutanymyz innowasion hyzmatdaşlyk barada-da belläp, Türkmenistanyň hytaýly hyzmatdaşlar tarapyndan bu ugra has uly üns berilmegine umyt edýändigini aýtdy hem-de emeli aňy ulanmak, hemra we kosmos ylmy-barlag işlerini geçirmek, sanlylaşdyrmak, maglumat platformalary, programma üpjünçiligi ýaly birnäçe tehnologik ugurlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryňdyr taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň özara ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrjakdygyna, beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýanyň çäginde tehnologik hyzmatlaryň durnukly bazaryny döretmäge, hünärmenleri we tejribeleri alyşmaga, milli tehnologik mekdepleri çalt depginde ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Bu strategik wezipe Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda bilelikdäki ösüşiň uly taslamasynyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegine maýa goýumdyr.
Köpasyrlyk beýik medeniýet we hakyky ruhy-ahlak gymmatlyklary Merkezi Aziýanyň hem-de Hytaýyň halklarynyň hyzmatdaşlygynyň, taryhy we häzirki ýakynlygynyň, özara düşünişmeginiň, birek-birege oňyn garaýyşlarynyň mizemez esasyny düzýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz sammite gatnaşyjy ýurtlaryň her birinde bilelikdäki medeniýet we sungat festiwallaryny yzygiderli esasda guramak mümkinçiligine seretmegi, şundan ugur alyp, “Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň medeni dialogy” atly medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze meýdançasyny döretmek başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmagy we döwlet Baştutanlarynyň makullan ýagdaýynda, ugurdaş edaralara şeýle meýdançanyň usullaryny işläp taýýarlamak barada degişli tabşyryklary bermegi teklip etdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek iri halkara forumda häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgütlerini gözlemek, halkara giňişlikde ylalaşygy we düşünişmegi gazanmak boýunça döwletleriň arasyndaky dialogyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, sammite gatnaşýan ähli döwlet Baştutanlaryny bu maslahata gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatyndaky ýakyn hyzmatdaşlyga berk we üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, ýurdumyzyň bu formatyň biziň halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň parahatçylygy, abadançylygy üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyna berk ynanýandygyny tassyklady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynyň Sekretariatynyň Baş sekretary jenap Sun Weýduna şu gezekki sammiti üstünlikli geçirmäge goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çuň manyly çykyşy hem-de beýan eden teklipleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Sammitdäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa halkara gatnaşyklaryň we söwda-ykdysady, maýa goýum, ynsanperwer hyzmatdaşlyga möhüm gatnaşyjy hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar. Sebitiň ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar häzirki wagtda ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykaryldy. Ol dürli ugurlary öz içine alýar. Şunda Hytaý bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, özara haryt dolanyşygynyň görnüşlerini giňeltmäge we möçberini artdyrmaga, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen bir hatarda, oba hojalygy pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda öňdebaryjy agro we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.
Sammite gatnaşyjylar sebitde energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň, energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhümdigini bellediler. Ulag-kommunikasiýa hem sebitde çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa Ýewropanyň we Aziýanyň iri sebitlerini birleşdirýän esasy logistika merkezine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, transmilli ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmagyň, sebitiň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň mümkinçiliklerini has doly durmuşa geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Sammite gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň taraplaryň hoşniýetli goňşuçylygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýändiklerini görkezendigini bellediler hem-de beýan edilen teklipdir başlangyçlaryň hemişelik dostluk we strategik hyzmatdaşlyk üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirdiler.
Sammitiň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama; «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň Astana Jarnamasyna gol çekildi, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde raýatlaryň özara saparlary üçin oňyn şertleri döretmek boýunça Başlangyç kabul edildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasyndan soňra, «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki hyzmatdaşlyk merkezleriniň açylýandygy yglan edildi we bu barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de sammitiň çäklerinde Ahal welaýatynyň häkimligi (Türkmenistan) bilen Şensi welaýatynyň halk hökümetiniň (Hytaý Halk Respublikasy) arasynda Ahal welaýaty bilen Şensi welaýatynyň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Ylalaşyk yglan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny görkezdi. Sammitiň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bolsa uzak möhletleýin esasda umumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berer.