18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem käbir soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasynyň işlenip taýýarlanylmagy baradaky mesele boýunça hasabat berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň daşary syýasatyny ösdürmekde döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda gazanylan belent üstünlikleri we daşary syýasy ýeňişleri ýene-de bir gezek nygtap, Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, daşary döwletler we abraýly halkara guramalar bilen ýokary netijeli gatnaşyklary ösdürmekde we pugtalandyrmakda milli Liderimiziň ägirt uly goşantlaryny aýratyn belledi.

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan bellenen tertipde, milli kanunçylyga esaslanyp DIM-niň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanyny bermek baradaky ýüzlenmesine seredildi hem-de degişli Karar kabul edildi.

Giňişleýin mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa degişli karary okady. Dabaraly ýagdaýda bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagynda döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, bu tapawutlandyryş nyşany Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli daşary syýasatyny amala aşyrmakda, daşary ýurt döwletleri bilen syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryny giňeltmekde şahsy goşandyny goşan hem-de Watanymyzyň öňündäki beýleki hyzmatlary üçin ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerini sylaglamak maksady bilen, milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de bu sylagyň gowşurylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, sylagy dabara gatnaşyjylaryň we mähriban halkymyzyň bildirýän uly ynamy hem-de çäksiz hormaty hökmünde kabul edýändigini belledi.