Perunyň parlamenti kongresmen Hose Mariýa Balkasary täze wagtlaýyn başlygy edip saýlady, ol 17-nji fewralda Kongres tarapyndan ynam bildirmezlik wotumy netijesinde wezipesinden boşadylan Hose Heriniň ýerine Prezident wezipesini hem ýerine ýetirer. Bu barada TASS agentligi kanun çykaryjy organyň “YouTube” kanalyndaky göni ýaýlymyna salgylanyp habar berýär.
Kongresmen Hose Mariýa Balkasar çepçi “Erkin Peru” partiýasy tarapyndan dalaşgär görkezildi. Ol soňky 10 ýylyň içinde döwletiň dokuzynjy Baştutany bolar.
17-nji fewralda Perunyň kanun çykaryjylary Hose Heriniň Prezidentiň iş tertibinde resmi taýdan görkezilmedik hytaýly telekeçiler bilen duşuşygy sebäpli oňa ynam bildirmezlik ugrunda ses berdiler. Ol parlament başlygy hökmünde, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Kongres tarapyndan döwlet Baştutany Dina Boluarte impiçment yglan edilenden soň iň ýokary wezipäni eýeläpdi. Respublikanyň Konstitusiýasyna görä, ynam bildirmezlik wotumy Prezidentlere degişli däl, ýöne parlament spikerine degişli bolup bilýär. Şunlukda, Hose Heri her iki wezipesinden hem çekilmeli boldy.
Peruda döwlet Baştutanynyň nobatdaky saýlawlary 12-nji aprelde geçirilmeli.