5-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar, amala aşyrylan bejeriş işleri, bu düzümiň halkara hyzmatdaşlygy, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary, onuň serişdeleriniň sarp edilişi ýaly meseleleriň mejlisiň gün tertibiniň esasynda durýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, gazna tarapyndan geçen döwürde alnyp barlan işler, onuň Tertipnamasyna girizilen goşmaçalar barada çykyş etmek üçin gaznanyň dolandyryş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti R.Bazarowa söz berdi.
R.Bazarow gaznanyň işine häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmak, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, Milli Liderimiziň maslahatlaryndan ugur alyp, gaznanyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, onuň Tertipnamasyna täzeden seredilendigini hem-de goşmaçalar girizilip, taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Hususan-da, Tertipnamanyň täze taýýarlanan görnüşinde gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek meselesi hem-de Esaslandyryjynyň ygtyýarlyklary beýan edildi.
Gahryman Arkadagymyz gazna tarapyndan alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmelidigini, şunda halkara hyzmatdaşlyga möhüm üns berilmeginiň ähmiýetli boljakdygyny aýdyp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Soňra Milli Liderimiz haýyr-sahawat düzümi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan bejeriş işleri, halkara hyzmatdaşlygyň ilerledilişi barada çykyş etmek üçin gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi.
O.Atabaýewa gazna tarapyndan amala aşyrylan köp sanly haýyr-sahawat işleriniň, onuň serişdeleriniň hasabyna ýüzlerçe operasiýalaryň, çagalara bejeriş-dikeldiş, bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň ýerine ýetirilendigini we bu ugurdaky çäreleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini belledi. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, gaznanyň howandarlygynda dürli bäsleşikleriň geçirilendigi aýdyldy.
Hasabatyň dowamynda şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilendigi, oňa dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan we halkara guramalardan wekilleriň gatnaşandygy barada aýdyldy. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti O.Atabaýewa abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, degişli ugurlar boýunça özara ylalaşyklaryň gazanylýandygyny we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilýändigini aýtdy. Dünýä ýurtlaryndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge teklipler yzygiderli gelip gowuşýar. Şeýle hem gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly maglumatlaryň internet saýtlarynda ýerleşdirilýändigine ünsi çekip, O.Atabaýewa bu düzümiň işine döwlet tarapyndan ýakyndan ýardam berilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän işini has-da kämilleşdirmek we onuň gerimini giňeltmek meselelerine ähmiýet bermelidigini belläp, bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Mejlisde gaznanyň Tertipnamasyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, gaznanyň goşmaçalar girizilen Tertipnamasyny tassyklamak we gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalary barada çykyş etmek üçin gaznanyň hukukçysy M.Hojamberdiýewa söz berildi.
M.Hojamberdiýewa häzirki döwürde Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa, «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyna» we beýleki hukuk namalaryna laýyklykda, çaganyň ýaşamaga, ösmäge, saglygyny goramaga we bilim almaga bolan hukuklaryny durmuşa geçirmek, olar üçin ýola goýulýan hyzmatlary, berilýän goldawy halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, gaznanyň işini düzgünleşdirýän kadany has-da kämilleşdirmek maksady bilen, haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasyna täzeden seredilip, onuň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Onda gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklarynyň wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi, berk dolandyryş binýadyny pugtalandyrmak bilen, oňa täze Esaslandyryjylaryň girizilmeginiň tertibi hem-de olaryň ygtyýarlyklarynyň kesgitlenilmegi bilen bagly kadalar goşuldy. M.Hojamberdiýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda hem-de gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlaryň taslamalaryny Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna hödürledi.
Milli Liderimiz Tertipnamanyň taslamasyna laýyklykda, gaznanyň Esaslandyryjysynyň gaznanyň Prezidentiniň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi gaznanyň ýerine ýetiriji direktorlarynyň – wise-prezidentleriniň biriniň üstüne ýükläp bilýändigini aýdyp, gaznanyň düzümine täze esaslandyryjylary girizip bilýändigini, şeýle-de Esaslandyryjynyň öz ygtyýarlyklaryny esaslandyryjylaryň birine geçirmek hakynda karara gelip bilýändigini belledi. «Ýokarda beýan edilenler gaznanyň Esaslandyryjysynyň Karary bilen resmileşdirilýär» diýlip, taslamada nygtalýar. Tertipnamanyň taslamasynda gaznany esaslandyran Esaslandyryjynyň bitiren aýratyn işlerini göz öňünde tutup, onuň gaznanyň Hormatly Esaslandyryjysy hökmünde müdiriýetiň mejlislerine gatnaşmaga, haýyr-sahawat taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge hukugy saklanýar diýlip bellenilendigini hem aýtmak gerek.
Mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz gaznanyň serişdeleriniň sarp edilişi barada hasabat bermek üçin gaznanyň hasapçysy Ý.Çernowa söz berdi.
Ý.Çernowa şu ýylyň başyndan bäri gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy we serişdeleriň anyk hasabyny ýöretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gelen ýüztutmalar esasynda ýurdumyzyň kömege mätäç çagalaryna ynsanperwerlik goldawy berilýär. Şol bir wagtyň özünde bu düzüm tarapyndan daşary ýurtlaryň heläkçilik zerarly ejir çeken çagalaryna degişli kömekler ugradylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gaznanyň serişdeleriniň ulanylyşy baradaky anyk maglumatlaryň bolmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, bu babatda ugurdaş düzümler bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Munuň özi onuň serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň esasy şerti bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp, berkarar döwletimizde ynsanperwer däplere eýerilip, ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar hem-de ýetginjekler hakynda aýratyn alada edilýändigini, döwletimiziň bu çagalary üns merkezinde saklap, olaryň bilimli, Watana wepaly bolup ýetişmegi, özlerini agzybir maşgalanyň – jemgyýetiň doly derejeli agzasy hökmünde duýmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigini aýtdy. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalary durmuş taýdan goldamak, olaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek, bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, sahawatlylyk däplerini dowam etdirmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Biz hemaýata mätäç çagalaryň ykbalyna, olaryň ýagty geljegini üpjün etmäge örän jogapkärli çemeleşýäris diýip, Milli Liderimiz nygtady.
Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory – wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Türkmen halky goňşusy bilen hemişe agzybir ýaşap, şatlygyny hem, gynanjyny hem onuň bilen paýlaşypdyr. Halkymyz kyn pursatda goňşusyna ýardam bermek üçin oňa hemişe dostluk goluny uzadypdyr. Bu bolsa türkmen halkynyň goňşusyna goýýan sylag-hormatyndan, ynsanperwer däplerinden nyşandyr. Ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni goňşudan» diýen dana sözlerinden ugur alyp, goňşularymyza mätäç gününde doganlyk kömegi berler. Şoňa görä, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda degişli tabşyryklary berdi. «Biz mundan beýläk-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýaly mukaddes däp-dessurlaryny dowam etdireris» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini jemledi.
PDF









