Weng­ri­ýa ho­wa­nyň aras­sa­ly­gy ug­run­da aý­gyt­ly ädim­le­ri äd­ýär. Ba­la­ton kö­lü­niň go­la­ýyn­da eki­len tä­sin gib­rid agaç­lar bu mak­sa­da ýet­mä­ge kö­mek ed­ýär. «Pau­low­nia Clo­ne In Vit­ro 112» ýa-da zümerret at­ly agajyň bir gek­tary ýylda 100 ton­na çen­li kö­mür­tur­şy ga­zy­ny özü­ne siň­di­rip bil­ýär. Onuň kök­le­ri ha­pa­la­nan top­ra­gy aras­sa­la­ýar. Agaç ys­sa we so­wu­ga çy­dam­ly bo­lup, ka­da­ly ös­me­gi üçin beý­le­ki agaç­la­ra ga­ra­nyň­da, iki es­se az suw sarp ed­ýär. Şeý­le hem ol ga­ty çalt ös­ýär.
– Ýo­ka­ry hil­li pürs alyn­ýan dub aga­jy­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek üçin azyn­dan, 60-80 ýyl, kä­te bol­sa ýüz ýyl ge­rek bol­ýar. Em­ma bu agaç­la­ry otuz ýyl­dan üç-dört ge­zek ke­sip bol­ýar – di­ýip, SUN­WO LTD şe­re­ke­ti­ni esas­lan­dy­ry­jy Jo­zef Staý­ner aýd­ýar.
Weng­ri­ýa­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän bu gib­rid agaç bi­len dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry, şol san­da Af­ri­ka yk­ly­my hem gy­zyk­la­nyp ug­ra­dy. Çün­ki gib­ri­d aga­jyň uly ýap­rak­la­ry kö­le­ge bol­ýar, ho­wa­ny aras­sa­la­ýar we çyg­lan­dyr­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de zümerret aga­jy aja­ýyp çig mal­dyr. Bu agaç­dan ýa­sa­lan ga­py­lar we pen­ji­re çar­çu­wa­la­ry ju­da ýe­ňil bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, zümerret aga­jy di­ňe ýo­ka­ry gyz­gyn­lyk de­re­je­sin­de ýan­ýar. Ne­ti­je­de, bu agaç­dan ýa­sa­lan me­bel we beý­le­ki önüm­ler eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, amat­ly hem-de howp­suz­dyr.