Tuwalu ada döwleti deňiz derejesiniň ýokarlanmagy we tupanlaryň köpelmegi sebäpli 11 müň raýatynyň hemmesini Awstraliýa göçürmäge taýýarlanýar. 2023-nji ýylda iki ýurduň arasynda yklym wizasy arkaly göçüp barýanlaryň kem-kemden kabul edilmegi barada şertnama baglaşylypdy.
Tuwalunyň ortaça beýikligi deňiz derejesinden bary-ýogy 2 metr beýik. Temperaturanyň ýokarlanmagy diňe buzluklaryň eremegine sebäp bolman, eýsem adalary suw basýan güýçli tupanlaryň hem köpelmegine sebäp bolýar. “Wired” neşiriniň habaryna görä, 2025-nji ýylyň iýulyna çenli Awstraliýa komissiýasy göçürmek üçin 9 müň töweregi arza aldy – bu ähli uly ýaşly ilatyň hemmesi diýen ýalydyr.
Täze Günorta Uels uniwersitetiniň barlag geçirijisi Jeýn MakAdamyň pikiriçe, Awstraliýada we Täze Zelandiýada beýleki göçüriş maksatnamalary bilen bilelikde, ýaşaýjylaryň 4 göterimi her ýyl ýurtdan çykyp biler. Bu görkeziji onýyllygyň dowamynda ilatyň ýarysy diýen ýalydyr.
Göçürmek işleri dowam edýärkä, Tuwalunyň ýolbaşçylary ýitirilen landşaftyň we medeni ýadygärlikleriň sanly nusgasyny saklamak maksady bilen adalary 3D ulgamynda gözden geçirip başlady. Bu ýitip barýan ýurdy gorap saklamak we taryhda ol barada yz galdyrmak synanyşygydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň maglumatlaryna görä, 2050-nji ýyla çenli ýüzlerçe million ilaty bolan kenarýaka şäherler ýygy-ýygydan suw joşmasy bilen ýüzbe-ýüz bolar. BMG-niň habaryna görä, eýýäm deňiz derejesiniň ýokarlanmagy dünýäde takmynan, bir milliard adamyň durmuşyna täsirini ýetirýär.