Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýurdumyzdaky ähli önümçilik senagat kärhanalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý ediliş tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreler dogrusynda, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça maslahatlary bilen ýüzlenip, olaryň birnäçesini ýatladýar. Önümçilik we senagat kärhanalarynyň ýangyna garşy ýagdaýy üçin jogapkärçilik, şeýle-de Döwlet ýangyn gözegçiligi gullugynyň hem-de ýangyn howpsuzlyk bölüminiň tabşyryknamalarydyr tekliplerini ýerine ýetirmek edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenendir. Şeýle bolansoň, önümçilik we senagat kärhanalarynda önümçilikde, bölümlerde, gurluşlarda, ammarlarda, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik desgalarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri guramaga, ähli işgärleriň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ýerine ýetirmeklerini üpjün etmäge, ýangyn-tehniki işçi topar, meýletin ýangyn topar agzalaryny döretmäge, ýangyn söndüriji serişdeleri almak üçin hökmany maliýe serişdelerini goýbermegi göz öňünde tutmaga önümçilik we senagat kärhanalarynyň ýolbaşçylary borçludyrlar.
Her bir işgär öz iş orunlarynda ýangyna garşy ähli çäreleri ýerine ýetirip, iş ýerine ýa-da bölüme berkidilen ýangyn söndüriji enjamlarynyň dogry saklanylmagyna gözegçilik etmelidir. Edara-kärhanalaryň her bir işgäri, öz iş ýerinde ýa-da kärhananyň beýleki ýerlerinde ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulandygyny, ýangyn söndüriji enjamlaryň, aragatnaşyk serişdeleriniň başga maksatlar üçin ulanylýandygy ýüze çykarylan ýagdaýynda düzgüni bozuja haýal etmän duýdurmaga borçludyr. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy mümkin bolan ýerlerde, görkezilen düzgünleriň talaplaryny wagyz edýän suratlary ýatladyjy gollanmalar görnükli edilip ýerleşdirilmelidir. Önümçilik we senagat kärhanalaryna işe täze kabul edilen işgärlere, şonuň ýaly-da tejribelik geçmek üçin ýa-da wagtlaýyn işe gelen hemme işgärlere, şol sanda inžener-tehniki işgärlere ýangyn howpsuzlygy boýunça gözükdirme bilen giriş tanyşlygy geçilmelidir, bar bolan serişdelerdir ýangyn barada habar bermek hem-de söndürmek ulgamlary, olardan peýdalanmagyň düzgünleri doly düşündirilmelidir, ýangyn dörän ýagdaýynda ýerine ýetirmeli hereketler barada söhbetdeşlik geçilmelidir. Şeýle-de ilkinji ýangyn söndüriji serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny görkezmek hem düşünjeleri giňeltmäge ýardam eder.
Öýden, iş ýerinden çykyp gitmezden öň elektrik-gaz akymy bilen işleýän enjamlaryň öçürilendigini barlamagy unutmaň! Elektrik-gaz akymyndan peýdalanylanda düzgünleri dogry ýerine ýetirmek bolup biläýjek nogsanlyklaryň öňüni alar.
Kakamyrat Orazmyradow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 104-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň DÝGB-nyň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.