20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň guramagynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde ýurdumyzyň mugallymlary üçin hünär derejesini ýokarlandyryş boýunça usuly-amaly okuwlar geçirildi. Bu okuwlary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Naberežnyýe Çelny Döwlet Pedagogik Uniwersitetiniň professor-mugallymlary alyp bardylar.
Okuwlaryň maksady mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň pedagogik ussatlygyny ösdürmekden ybarat boldy. Oňa Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden, ähli welaýatlardan, ýokary okuw jaýlaryndan, ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik merkezlerinden we beýleki bilim edaralaryndan mugallymlar gatnaşdylar.
Hünär taýdan kämilligi hem-de aragatnaşyk medeniýetini ösdürmäge bagyşlanan bu okuw meniň üçin aýratyn ähmiýetli hem-de ruhy taýdan baýlaşdyryjy tejribe boldy. Sapaklaryň dowamynda häzirki zaman mugallymynyň wezipesiniň düýp manysyna täzeden garamak, we okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen amaly gurallary özleşdirmek ýaly mümkinçilikleri döredildi. Bu okuwlar diňe bir nazary taýdan pikirlenmäge däl, eýsem netijeli tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.
Okuwlaryň dowamynda gatnaşyjy mugallymlar tejribe alyşmak, öz işinde täze pedagogik çözgütleri ulanmak baradaky pikirleri paýlaşdylar. Şeýle işjeň pikir alyşmalar, bilelikdäki meseleleriň çözgüdi we pikirleriň paýlaşylmagy meniň üçin örän peýdaly hem täsirli boldy.
Netijede, bu okuwlar häzirki zaman mugallymynyň üstünlik gazanmagynyň esasy şerti hökmünde ömürboýy öwrenmäge ygrarlylygy, açyk aragatnaşyk gurmak başarnygyny we ähli ugurlarda kämillige ymtylmagy ýene-de bir gezek tassyklady.
Okuwlary üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara halkara nusgadaky şahadatnamalar gowşuryldy.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy, milli bilim ulgamyny ösdürmekde edýän tagallalary her bir mugallymy rowaçlyga, eziz Watanymyzyň bagtyýar geljegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Çeşme: education.gov.tm
 PDF
 PDF 
		

 
                         