6-njy awgustda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Hususy pudagyň forumy öz işini tamamlady.

“DÇBÖBD-niň ösüş mümkinçilikleri” atly mowzuklaýyn mejlisde bu ýurtlara öz mümkinçiliklerini strategik esasda ulanmak arkaly çalt ösýän dünýä ykdysadyýetinde durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga, olaryň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam berjek çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu mejlis Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) bilen hyzmatdaşlykda geçirildi.

Bellenilişi ýaly, dünýä ykdysadyýetiniň ep-esli bölegini emele getirýän DÇBÖBD özleriniň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglanyşykly käbir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Deňiz portlaryna göni çykalganyň bolmazlygy olar üçin logistika, ulag babatda we ykdysady kynçylyklary döredýär. Muňa garamazdan, DÇBÖBD ösüş üçin ägirt uly kuwwata eýedirler. Tehnologiýanyň häzirki zaman gazananlary, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi we ykdysadyýeti dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler bu ýurtlar üçin täze gözýetimleri açýar. Hususan-da, sanlylaşdyrma we döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy halkara bazarlara, maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyryp, geografik päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär.

Şunuň bilen birlikde, durnukly ösýän senagata maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga we munuň üçin zerur bolan täze iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. UNIDO BMG-niň senagat ösüşi boýunça ýöriteleşdirilen edarasy hökmünde DÇBÖBD-niň senagatlarynyň ekologiýa taýdan arassa ugurlarynyň ösdürilmegini goldaýar.

Düzümleýin özgertmeler, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, DÇBÖBD-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň hataryndadyr.

Üstaşyr ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, demir ýol we awtoulag ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, şeýle hem üstaşyr geçiş amallarynyň ýeňilleşdirilmegi söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýmaga şert döredýär.

Çykyş edenler DÇBÖBD-niň mümkinçiliklerini has doly derejede durmuşa geçirmek üçin amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmeginiň hem-de döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň, adam maýasyny ösdürmäge, innowasiýalary goldamaga we telekeçiler üçin maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmäge aýratyn üns berilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Umumy pikire görä, Hökümetleriň, hususy pudagyň we halkara jemgyýetçiligiň tagallalarynyň birleşdirilmegi DÇBÖBD-niň geografik taýdan ýerleşmegi bilen baglylykda ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini durnukly we inklýuziw ösüş üçin täze mümkinçiliklere öwürmäge ýardam berer. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, diňe bilelikdäki tagallalar bilen uzak möhletleýin ykdysady ösüş üçin amatly şertler üpjün edilip bilner.

BMG-niň Ählumumy şertnamasy bilen hyzmatdaşlykda guralan hem-de maliýeleşdirmäge we maýa goýumlara bagyşlanan mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin esasy meseleleriň birine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, maliýe serişdelerine elýeterliligiň giňeldilmegi DÇBÖBD-de ykdysady we infrastruktura meselelerini çözmegiň zerur şertleriniň biri bolup durýar. Şunda maliýeleşdirmegiň netijeli mehanizmleriniň döredilmegi durnukly we inklýuziw ösüşi üpjün etmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Maliýe hyzmatlarynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de innowasion maliýe tehnologiýalary maliýeleşdirmäge elýeterliligi giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mobil platformalar we beýleki tehnologiýalar päsgelçilikleri aradan aýyrmaga hem-de bank geçirimlerinde çykdajylary azaltmaga ýardam berýär. Bu mehanizmler DÇBÖBD-de ykdysady ösüşiň binýady bolup durýan telekeçiligi goldamakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Çykyş edenler maýa goýumlary çekmekde köptaraplaýyn maliýe institutlary bilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ornuny bellediler. Munuň özi iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlary çekmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şeýle başlangyçlaryň milli ykdysady ösüş strategiýalary bilen ugurdaş bolmalydygy we her bir ýurduň aýratynlyklarynyň nazara alynmalydygy nygtaldy.

Soňra forum öz işini “Sanly ösüş” atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Mejlis Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde sanly tehnologiýalar batly depginler bilen ösüp, DÇBÖBD-de durmuş we ykdysady ösüşi çaltlandyrmaga ýardam berýän şertleriň biri bolup çykyş edýär. Emma munuň özi hökümetlerden we hususy pudakdan sanly infrastruktura gönükdirilýän strategik maýa goýumlaryň artdyrylmagyny hem-de ähli ugurlar boýunça innowasion sanly çözgütleriň höweslendirilmegini talap edýär.

Şeýlelikde, sanly ösüş DÇBÖBD-niň deňze göni çykalgasynyň bolmazlygy bilen şertlendirilen meselelerini çözmäge, ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga ýardam berýän netijeli gural bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, çykyş edenler sanly tehnologiýalar bilen bir hatarda, beýleki infrastrukturalaryň hem ösdürilmeginiň möhümdigini bellediler.

Forum ýokary derejedäki jemleýji mejlis bilen tamamlandy. Mejlisde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge hususy pudagy işjeň çekmek arkaly bu ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi.

Forumyň netijeleri boýunça jemleýji resminama kabul edildi.