Şu ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Hytaý Halk Respublikasy özara diplomatik gatnaşyklary bolan afrika döwletleriniň 53-sinden import edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny doly möçberde ýatyrar. Bu karar HHR-nyň Başlygy Si Szinpin tarapyndan yglan edildi.
Degişli beýannama Si Szinpiniň Täze ýyl (Aý senenamasy) mynasybetli Afrika Bileleşiginiň Başlygy Žoau Lourensuwa we AB-niň Komissiýasynyň başlygy Mahamud Ali Ýusufa iberen gutlag hatynda beýan edilýär.
Hytaý döwletiniň Baştutany, şeýle hem Pekiniň ösüşe gönükdirilen ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hemmetaraplaýyn ylalaşygy baglaşmak boýunça gepleşikler tapgyryny işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini belledi. Bu başlangyjyň maksady Afrika degişli önümleriň Hytaýyň içerki bazaryna girmegini has-da ýeňilleşdirmekden ybaratdyr. Afrika ýurtlaryndan gelýän ýükler üçin «ýaşyl geçelge» iş amallaryny optimallaşdyrmak wada berildi.
-Hytaýyň ýokary derejeli açyklygy giňeltmek boýunça bu täze çäreleri, şübhesiz, Afrikanyň ösmegine we modernizasiýa baradaky hytaý-afrika uly şowlulygynyň durmuşa geçirilmegine täze mümkinçilikleri döreder – diýip, Si Szinpin sözüniň üstüni ýetirdi.
Hytaýyň Baş gümrük müdiriýetiniň statistikasyna görä, 2025-nji ýylda Hytaý bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 17,7% ösüş görkezip, 348,05 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Şunda hytaý harytlarynyň Afrika kontinentine eksporty 25,8% ýokarlanyp, 225,03 milliard dollary düzdi. Afrikanyň önümleriniň HHR-e importy bolsa 5,4% ösüp, 123,02 milliard dollara barabar boldy.
Esasy Dünýä täzelikleri Hytaý 1-nji maýdan başlap Afrikanyň 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük paçlaryny...
PDF









