“China Mobile” dünýäde ilkinji kiçi göwrümli synag maksatly altynjy nesil (6G) ulgamynyň işe başlandygy barada habar berdi. Synag infrastrukturasy 10 esasy stansiýany öz içine alýar. Taslamanyň häzirki döwürde täjirçilik maksatly peýdalanylmagy göz öňünde tutulmaýar diýip, «MyDrivers» habar berýär.
Operatoryň maglumatlaryna görä, synaglarda 280 Gbit/s çenli maglumat geçiriş tizligi gazanyldy – bu 5G torlarynyň nazaryýetdäki iň ýokary görkezijisinden 14 esse ýokarydyr. Bu tizlikde 50 Gb göwrüm 1,5 sekuntdan az wagtyň içinde geçirilip bilner, bu häzirki zaman simli çözgütleriň mümkinçiliklerinden ep-esli çaltdyr.
“China Mobile”-yň 6G tehnologiýasyna goýýan umumy maýa goýumy 39,1 milliard ýuandan geçdi. Häzirki meýilnamalara görä, Hytaýda altynjy nesil torlarynyň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy 2028-nji ýyldan başlap biler.