“2023 BrandZ” iň gymmatly hytaý brendleriniň sanawyny ýaýratdy. Maliýe edarasy tarapyndan her ýyl taýýarlanýan sanawa giren hytaý brendleriniň umumy bazar nyrhy yzly-yzyna üçünji gezek 1 trillion dollardan geçdi. Tehnologiýa pudagynda iş alyp barýan “Tencent” hem-de bölek söwda bilen meşgullanýan “Alibaba” kompaniýalary sanawyň başynda özüne orun tapdy. Bazara baha berýän halkara “Kantar” kompaniýasynyň taýýarlan sanawynda dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalaryň umumy gymmaty 1,01 trillion amerikan dollaryna ýetendigi mälim edildi. Sanawyň başyndaky “Tencent” 144,11 milliard dollarlyk brend gymmaty bilen beýleki kompaniýalardan görnetin tapawutlanýar.
Internet ägirdi “Alibaba” 90,19 milliard dollarlyk brend gymmaty bilen ikinji bolupdyr. Sanawda üçünji orny eýelän “Kweichow Moutai” kompaniýasynyň bazar gymmatynyň 88,43 milliard dollardygy bellenildi.
Taýýar egin-eşikler we awtoulag önümçiligi pudagy jemi 175,89 milliard dollarlyk gymmaty bilen has öňe saýlanan ugurlar boldy. Maglumata görä, geçen ýyl taýýar egin-eşik pudagynyň bazar gymmaty ozalky ýyldakydan 327 göterim ýokary bolupdyr.
Näzik Hudaýberdiýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň mugallym-öwrenijisi.