26-njy iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýurdumyzda özüniň diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine we geljekki mümkinçiliklerine baha berildi. Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Hytaýyň halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki üstünlikli özara gatnaşyklary barada nygtaldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Öz gezeginde Ilçi özüniň diplomatik missiýasyny amala aşyrmakda beren ählitaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.