Dünýäde 2000-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli döwürde nanotehnologiýa pudagy boýunça 1,07 milliondan gowrak patenti berlip, olaryň 464 müňi Hytaýyň paýyna düşýär. Maglumatlara görä, Hytaýyň paýy ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň umumy jeminden has ýokarydyr.
Maglumatlarda, Hytaýyň soňky 25 ýylda dünýädäki nanotehnologiýa patentleriniň 43 göterimini emele getirip, dünýäde birinji orunda durýandygy aýdylýar. Hytaýyň patent bukjasy esasan ýarymgeçiriji enjamlar, katalitik himiýa, biolukmançylyk we täze materiallar ýaly esasy ugurlarda jemlenendir. Hytaý Ylymlar akademiýasy 23 müň 400 patenti bilen dünýäniň patent eýeleriniň arasynda birinji orunda durýar.
2025-nji ýylyň maý aýyna çenli Hytaýda nanotehnologiýabilen meşgullanýan kärhanalarynyň sany 34 müň 500-den geçdi, şol sanda, jemi 9,92 million işgäri bolan 739 kompaniýa hasaba alyndy. Maglumatlara görä, global nanotehnologiýa bazary 2025-nji ýylyň ahyryna çenli 1,5 trillion ABŞ dollaryna çenli öser we 2018-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli ýyllyk ösüş depgini 17 göterimden ýokary bolar.