Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky giň gerimli tokaýlaşdyrmak maksatnamasy Takla-Makan çölüniň çetleriniň ekologiýa aýratynlyklaryny üýtgedip, onuň çäkleriniň bir bölegini kömürturşy gazyny siňdiriji zolaga öwürdi. Alymlar hemra arkaly alnan maglumatlaryň, meýdan synlamalarynyň we uglerod sikli modelleriniň seljermesi esasynda şeýle netijä geldiler.
“Proceedings of the National Academy of Sciences” žurnalynyň ýazmagyna görä, meýdany, takmynan, 337 müň inedördül kilometr bolan Takla-Makan çöli aslynda örän gurak we ösümlik dünýäsi iňňän pes bolan çäk hasaplanýardy. Ýagdaý 1978-nji ýylda ýurtda “Beýik ýaşyl diwar” diýlip atlandyrylýan gorag tokaý zolaklaryny döretmek maksatnamasy başlanandan soň üýtgäp ugrady. Resmi maglumatlara görä, şu wagta çenli 66 milliarddan gowrak agaç ekildi, 2024-nji ýyla çenli bolsa çölüň töwereginde uzynlygy 3 müň kilometrden gowrak bolan yzygiderli ýaşyl guşak kemala getirildi.
Gözlegleriň netijelerine görä, yzgarly pasyllarda (iyul-sentýabr) sebitde ýagynlaryň mukdary aýda 16 mm-e çenli ýokarlanýar – bu bolsa ýylyň beýleki döwürlerinden, takmynan, 2,5 esse köpdür. Bu ýagdaý ösümlikleriň ösmegine we fotosintez prosesleriniň güýçlenmegine ýardam edýär. Hemra arkaly synlamalary, gurak döwürler bilen deňeşdirilende, howanyň ýerüsti gatlagynda CO₂ konsentrasiýasynyň, takmynan, 3 ppm azalandygyny görkezýär.
Global uglerod balansynyň modellerini ulanmak bilen geçirilen goşmaça barlaglar çölüň çetleriniň arassa uglerod siňdiriji ýagdaýyna, ýagny siňdirilýän mukdaryň zyňyndylardan köp bolan ekoulgamyna geçendigini tassyklaýar.
Üýtgeşmeler ýerli derejede hem hasaba alynýar. Birnäçe etraplarda tozanyň mukdarynyň azalmagy we ýyllyk ýagynlaryň köpelmegi bellenilýär. Synlamalara görä, käbir sebitlerde gumly boranly günleriň sany üç esseden hem köp azaldy.
Şol bir wagtyň özünde hünärmenler bu netijäniň suw serişdeleriniň, şol sanda töwerekdäki dag ulgamlaryndan gelýän erän gar suwlarynyň we suwaryş işleriniň hasabyna gazanylýandygyny aýdýarlar. Mundan başga-da, käbir ýerlerde ekilen agaçlaryň guramagyna we birmeňzeş ösümlik görnüşleriniň (monokulturalaryň) durnuklylygyna degişli kynçylyklar ýüze çykýar.
Barlagçylar şeýle taslamalaryň global klimata goşýan goşandynyň çäkli bolup galýandygyny, ýöne olaryň zaýalanan ýerleri dikeltmek we ýerli ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak ukybyny subut edýändigini belleýärler.