HHR-nyň Başlygy Si Szinpin Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň «Sýuşi» žurnaly üçin ýazan makalasynda ýuany dünýäniň ätiýaçlyk walýutasyna öwürmegiň zerurdygyny mälim etdi. Ol Hytaýa halkara söwdasynda, maýa goýumlarynda, walýuta bazarlarynda “giňden ulanylyp bilinjek we ätiýaçlyk walýuta statusyna eýe boljak” “güýçli walýutanyň” gerekdigini ýazdy.
Si Szinpin ýurda serişdeleri netijeli dolandyrmaga ukyply “güýçli merkezi bankyň”, dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyply maliýe institutlarynyň we “ählumumy kapitallary çekmäge hem-de dünýä nyrhlaryna täsir etmäge” ukyply halkara maliýe merkezleriniň gerekdigini belledi.
Hytaý lideriniň makalasy dünýä bazarlarynda näbelliligiň artýan döwründe çap edildi. Amerikan dollarynyň gowşamagy, Federal ätiýaçlyk ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňde duran çalşygy, şeýle hem geosyýasy we söwda dartgynlylygy dünýäniň merkezi banklaryny dollar aktiwlerine bolan garaşlylyk derejesine täzeden garamaga mejbur etdi. Halkara pul gaznasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýuanyň dünýä ätiýaçlygyndaky paýy ähli walýutalaryň arasynda altynjy ýeri eýeläp, bary-ýogy 1,93%-e deň boldy. Dollaryň paýyna, takmynan, 57% (2000-nji ýyldaky 71% bilen deňeşdireniňde), ýewronyň paýyna bolsa, takmynan, 20% düşdi.
PDF









