Geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasynda çaga dogluşy müňden 5,63-e çenli azalyp, bu hasabyň ýöredilip başlanan 1949-njy ýylyndan bäri iň pes derejä düşdi. Ýurduň Milli statistika edarasy 2025-nji ýyla degişli maglumatlary ýaýratdy. Maglumatda 2024-nji ýylda Hytaýyň gury ýer böleginiň ilaty 1 milliard 408 million 280 müň bolan bolsa, geçen ýyl 1 milliard 404 million 890 müňe düşüpdir. Şeýlelikde ýurduň ilaty 3,39 million azalypdyr. Ýurduň ilaty 2022-nji ýylda azalyp başlapdy.
2024-nji ýylda 9,54 million bäbek dünýä inen bolsa, geçen ýyl bu görkeziji 16,9 göterim azalyp, 7,92 milliona düşüpdir.
Ýurtda geçen ýyl 11,31 million adam aradan çykypdyr. Bu görkeziji 2024-nji ýylda 10,93 million bolupdyr. Ýurtda 716,85 million erkek, 688,04 million zenan ilat ýaşaýar.
Ilatyň 15,9 göterimi 65 ýaşdan uly
Ýaş toparlaryna görä, paýlananda bolsa, 16-59 ýaş aralygyndaky ilat 851,36 million adama (60,6%) ýetýär. Ýurduň ilatynyň 323 million 38 müňüni 60 ýaşdan ulular düzýär. Ýaşuly nesil ilatyň 23 göterimini emele getirýär. Pensiýa çykan ilat bolan 65 ýaşdan ýokarylar 223,65 million adam bolup, ilatyň 15,9 göterimini emele getirýär.
Şäher ilaty 2025-nji ýylda 10,3 million artyp, 953,8 milliona (67,89%) ýetipdir. Oba ýerde ýaşaýanlaryň sany 13,69 million azalyp, 451,09 milliona (32,11) düşüpdir.