3 ýyl ozal dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň arasynda birinjilikden ikinji orna düşen Hytaý çaga dogluşyny artdyrmak üçin täze düzgüni ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ýurduň Hökümeti çaga dogrumy bilen bagly çykdajylary ilata tölegsiz bermegi meýilleşdirýär. Hytaýyň Milli saglyk ätiýaçlandyryş edarasynyň ýolbaşçysy Hu Jinlin Pekinde geçirilen maslahatda eden çykyşynda çaga dogluşyna artdyrmak maksady bilen ýurduň çäginde çaga doglandaky ähli çykdajylaryň döwlet tarapyndan tölenýän düzgüni ýola goýmagy meýilleşdirýändiklerini aýtdy. Şeýle hem göwrelilik bilen bagly çykdajylaryň hem ätiýaçlandyryşyň çägine girizilmegi göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, göwreliligiň barlanmagy we munuň bilen bagly dermanlaryň çykdajylary ätiýaçlandyryşyň çägine girizilmegi göz öňünde tutulýar.
Ýurduň ilatynyň artyşy 2016-njy ýylda peselip başlady. 2022-nji ýylda bolsa, ýurtda dünýä inen bäbekleriň sany ölenlerden az boldy. Şondan bäri ilatyň azalyşy dowam edýär. Ýurtda 1980-nji ýyllarda her bir jübüte diňe bir bäbek edinmäge rugsat berlipdi. 2016-njy ýylda her bir maşgala rugsat berlen çaga sany 2-ä, 2021-nji ýylda 3-e çykaryldy. Muňa garamazdan ilatyň azalmagy dowam edýär.