Hytaýyň Hökümetiniň resmi internet saýtynda ýurtdaky çagaly maşgalalara goldaw beriljekdigi beýan edildi. Çaga dogluşyny artdyrmak maksady bilen durmuşa geçiriljek maksatnamanyň çäklerinde 3 ýaşdan kiçi çagasy bolan maşgalalara her bir çaga üçin ýylda 3 müň 600 ýuan (500 dollar töweregi) kömek berler. Maksatnamadan her ýylda 20 milliondan gowrak maşgalanyň peýdalanmagyna garaşylýar.
Ýurduň ilaty 2022-nji ýylda azalyp başlapdy. Milli statistika edarasynyň şu ýylyň ýanwaryndaky maglumatyna görä, ýurduň ilaty 2023-nji ýylda 1 milliard 409 million 670 müň bolan bolsa, 2024-nji ýylda 1 milliard 408 million 280 müňe düşüpdir. Netijede 3 ýyldan bäri ilat sany azalmagyny dowam etdirýär.
Hytaýda 1980-nji ýyllarda her bir maşgala diňe bir çaga edinmäge rugsat berlipdi. 40 ýyla golaý wagtdan soňra, 2016-njy ýylda ikinji çaga, 2021-nji ýylda üçünji çaga rugsat berlipdi. Muňa garamazdan, ilat sany azalmagyny dowam etdirýär. BMG-niň maglumatyna göeä, 2023-nji ýylda Hindistanyň ilaty Hytaýyňkydan öňe geçipdi.