Hytaýyň Hunan welaýatynda Barbekýu aşpezleri üçin ilkinji kollej açyldy. Ol çişlik taýýarlamakda aşpezlik usullary bilen meşhur bolan Hunan şäherinde ýerleşýär. Bu ýerde 2 müňden gowrak çişlik bişirilýän garbanyşhana bar. Kollej Ýueniň açyk uniwersitetiniň düzüminde açyldy. Taslama ýerli häkimiýetleriň we Ýueniň barbekýu birleşiginiň gatnaşmagynda durmuşa geçirildi. Esasy maksat hünäri standartlaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak we sebitiň ykdysadyýetini güýçlendirmek üçin bitewi ulgam döretmek.