2-nji sentýabrda Pekinde “Sanly geljege we hyzmatlara esaslanýan ösüşe tarap” mowzugy bilen Hytaýyň söwda hyzmatlary boýunça halkara ýarmarkasy (CIFTIS) öz işine başlady. Ilkinji gezek bu ýarmarka bir wagtyň özünde iki ýerde – Milli maslahat merkezinde we ýörite sergiler üçin niýetlenen “Şougan” medeni-sport toplumynda geçirilýär.
Şougan seýilgähinde ilkinji gezek sekiz sany tematiki sergi, birnäçe CIFTIS forumlary we duşuşyklary guralýar. Bir wagtlar paýtagtyň senagat merkezi bolan Şougan etraby geljek ýyl Pekinde geçiriljek XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň we käbir oýun meýdançalarynyň mekanydyr.
CIFTIS Hytaýda hyzmatlar söwdasy babatda esasy platforma bolup hyzmat edýär. Dünýä ykdysadyýetiniň açyklygyna, hyzmatdaşlygyna we dikeldilmegine ünsi çeken CIFTIS-iň wekilleri şu ýylky çärede sanly ykdysadyýet we uglerodyň howa goýberilmegini azaltmak ýaly mowzuklara aýratyn ähmiýet beriljekdigini bellediler. 138 töweregi daşary ýurt guramalary we Hytaýdaky daşary ýurt ilçihanalary 7-nji sentýabra çenli dowam etjek CIFTIS-iň çägindäki sergilere ýa-da maslahatlara gatnaşýarlar.