Hytaýda Pekiniň merkezinde Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli uly harby ýöriş geçirildi. Bu barada “Xinhua” agentligi habar berýär.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn, şeýle hem 20-den gowrak daşary ýurt liderleri Hytaýyň Başlygy Si Szinpin bilen bilelikde Týananmen meýdançasynda harby ýörişe tomaşa etdiler.
Harby ýörişde dürli ýaraglary, ýadro ballistik raketalary we uly suwasty pilotsyz gämiler ýaly täze ýaraglaryny görkezdi.
Harby ýöriş başlamazdan öň Si Szinpin 80 ýyl ozal gazanylan ýeňşiň ähmiýetine ünsi çekip, ýüzlenme bilen çykyş etdi. Ol ýurtlary “uruşlaryň düýp sebäplerini çözmäge we taryhy betbagtçylyklaryň gaýtalanmagynyň öňüni almaga” çagyrdy.
Ýaponiýa 1945-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda resmi taýdan boýun egdi we Hytaý 3-nji sentýabry Ýeňiş güni diýip yglan etdi.
Esasy Dünýä täzelikleri Hytaýda Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagynyň 80 ýyllygy mynasybetli uly harby ýöriş geçirildi