Hytaý ýokary tizlikli “magnit ýassykly” otlUlary bilen meşhurdyr, indi bolsa oňa relsde gidýän nusgawy otly goşuldy. Täze CR450 ýokary tizlikli otly sagatda 400 kilometr tizlige ýetmegi başardy. Ol Hytaýyň Demirýol ylymlar akademiýasy tarapyndan işlenip düzüldi we häzirki wagtda işe girizilmezden ozal soňky synaglardan geçýär.