29-njy ýan­war­da Hy­taý­da Tä­ze ýyl da­ba­ra­la­ry­na ba­dal­ga be­ril­di. Ýur­duň iň uly baý­ram­çy­ly­gy ha­sap­lan­ýan Hy­taý Tä­ze ýy­ly (Ba­har baý­ra­my) bu ýyl 29-njy ýan­war­dan 4-nji few­ral ara­ly­gy­na ga­bat gel­ýär. Baý­ram­çy­ly­gyň bel­le­nil­ýän gü­ni Aý se­ne­na­ma­sy ula­nyl­ýan­dy­gy se­bäp­li her ýyl üýt­ge­ýär. Şu ýyl Hy­taý­da Ýy­lan ýy­ly baş­lan­dy. Adat­ça bu baý­ram­çy­lyk bir hep­de do­wam ed­ýär. Däp bol­şy ýa­ly, uzak­da ýa­şa­ýan­lar bu baý­ram­çy­ly­gy bi­le­lik­de ge­çir­mek üçin maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň ýa­ny­na gid­ýär­ler. Ça­ga­la­ra sow­gat­lar gy­zyl buk­ja­nyň için­e salnyp be­ril­ýär. Kö­çe­ler gy­zyl çy­ra­lar bi­len be­zel­ýär we dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.
Baý­ram­çy­lyk se­bäp­li şä­he­ra­ra gat­naw­lar hem art­ýar. Ýur­duň bü­tin çä­gin­de gat­naw ýy­gy­ly­gy bir aý tö­we­re­gi do­wam ed­ýär.

Pa­ty­şa­gu­ly GA­RA­JA­ÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, uly leýtenant.