Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Geologiýa we geofizika institutynyň alymlary “Çžurun” (Zhurong) marsodahyndan alnan maglumatlary öwrenip, mundan 750 million ýyl ozal Marsda galyňlygy dört metre ýetýän çökündi gatlakly hemişelik suw gurşawynyň bolandygyny anykladylar. Bu barada “Xinhua” agentligi habar berýär.
-Çökündi gatlagynyň birmeňzeş galyňlygy we üznüksizligi wulkanik partlamalaryň ýa-da ýel zerarly dörän amallaryň ähtimallygyny aradan aýyrýar. Ýeke-täk maňza batýan düşündiriş – şol döwürde bu sebitiň ýalpak suwlara ýa-da uly köle meňzeş suwly çökündi gurşawynda bolandygydyr – diýip, ýolbaşçy barlagçy Lýu Ike belledi.
Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, Marsda suwuň ozal çaklanylyşyndan birnäçe ýüz million ýyl has uzak wagtlap saklanandygy barada netije çykaryp bolar.
Mundan ozal “Çžurun” marsohody Marsda gadymy kenarýakalary ýatladýan ýerasty gurluşlary ýüze çykarypdy. Bu bolsa, takmynan, 4 milliard ýyl ozal Gyzyl planetada ägirt uly suw gorunyň bolandygyny tassyklaýar.