Şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Ýüpek ýoly karnawaly-Bahar baýramy festiwaly» geçirilýär. Bu döwlet ähmiýetli sungat çäresiniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bilen Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk okuw sapagy geçirildi.
Kalligrafiýa sözi grekçeden terjime edilende “owadan ýazgy” diýen manyny aňladyp, şekillendiriş sungatynyň özboluşly ugrudyr. Häzirki zamanyň döwrebap kesgitlemesinde bolsa kalligrafiýa «labyzly, sazlaşykly we nepis äheňde nyşanlary bezemek» diýen manyny aňladýar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen ussatlyk sapagynda hem Hytaý medeniýetinde esasy orunda duran hem-de gözellik düşünjelerini özüne siňdirip ösen ýazuw sungatynyň taryhy, onuň inçe usullary barada Şanhaý Halkara Medeniýet assossiasiýasynyň Geňeş agzasy, Şanhaý Sazandalar we Şanhaý Dramaturglar assossiasiýasynyň agzasy Çýen Li giňişleýin gürrüň berdi. Her bir harpyň many-mazmuny, özboluşly aňladyş häsiýeti barada Hytaý halk respublikasynyň Pop saz birleşiginiň agzasy, uly saz mediýa hünärmeni we meýilnamalaşdyryjysy, Şanhaý Uniwersitetiniň we Şanhaý Inženerçilik Ylymlary Uniwersitetiniň professory Sü Biň ussatlyk bilen beýan etdi.
Ussatlyk sapagynda her bir harpyň ýazylyş usuly, olary ýazmakda ulanylýan gurallar hem-de reňkleriniň taýýarlanyşy, harplaryň manyly nyşany, çalasynlyk bilen ýerine ýetiriliş usullaryny görkezme sahypalary arkaly Pekin operasynyň aktýory Ýeň Peň Doň görkezdi. Ol bu sapakda talyp ýaşlar bilen bilelikde işledi we her bir haryň ýazylyş usullaryny bilelikde ýerine ýetirdi.
Çeşme: medeniyet.gov.tm.