Hy­taý­ly­lar öz­le­ri­niň tä­sin şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar­lar. Dün­ýä­niň iň be­ýik bi­na­la­ry­nyň sa­na­wyn­da öň­dä­ki or­ny eýe­le­ýän bu ýurt­da Şan­haý di­ňi (632 metr), Pi­nan hal­ka­ra ma­li­ýe mer­ke­zi (599 metr), Týans­zin CTF ma­li­ýe mer­ke­zi (530 metr), Şan­haý hal­ka­ra ma­li­ýe mer­ke­zi (492 metr), Wu­han ýa­şyl mer­ke­zi (475 metr) ýa­ly bir­nä­çe be­ýik bi­na­lar bar. Şeý­le bi­na­la­ryň ha­ta­ry­na «Lie­bi­an Bu­il­ding» bi­na­sy­ny hem goş­mak bo­lar.
Hy­ta­ýyň Guýç­žou we­la­ýa­ty­nyň Guý­ýan şä­he­rin­de ýer­leş­ýän «Lie­bi­an Bu­il­ding» bi­na­sy­nyň be­ýik­li­gi 121 metr bo­lup, bu gök bi­na 108 metr be­ýik­lik­den ak­ýan owa­dan şag­la­wu­gy bi­len gö­ren­le­ri haý­ran gal­dyr­ýar. Bu adam ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len iň uly şag­la­wuk bo­lup, te­bi­gy gö­zel­lik bi­len ar­hi­tek­tu­ra­nyň bir­leş­di­ril­me­gine il­kin­ji ge­zek ga­bat ge­lin­ýär. 22 gat­dan yba­rat bu bi­na 2018-nji ýyl­da do­lu­ly­gy­na açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­ýär. Iş we te­le­ke­çi­lik mak­sat­ly ni­ýet­le­nen bu bi­na­da, esa­san, ofis otag­la­ry ýer­leş­ýär. Hü­när­men­le­re we iş­gär­le­re yl­ham ber­mek mak­sa­dy bi­len oý­la­nyp ta­py­lan bu gur­luş Guý­ýan şä­he­ri­niň gö­zel­li­gi­ni art­dyr­ýar. Bi­na­da­ky şag­la­wuk el­my­da­ma ak­dy­ryl­ma­ýar. Şag­la­wuk su­wy ne­ti­je­li peý­da­lan­mak hem-de elekt­rik to­gu­ny tyg­şyt­la­mak üçin şü­we­leň­ler­de ýa-da baý­ram­çy­lyk­lar­da 20 mi­nu­ta çen­li iş­le­dil­ýär. Bi­na­nyň ýer­ze­mi­nin­de 4 sa­ny suw sak­la­ýyş how­da­ny bo­lup, şag­la­wuk üçin, esa­san, ýa­gyş su­wy we gaý­ta­dan iş­le­nen la­gym su­wy ula­nyl­ýar. Bu ul­gam­da agyz su­wy ula­nyl­man, şag­la­wuk şol bir su­wy aý­lap dur­ýar.
Ofis­de iş­le­ýän­ler we ra­ýat­lar bi­na­nyň how­lu­syn­da ge­ze­lenç edip, dynç alyp bil­ýär­ler. Tom­su­na ýy­gy-ýy­gy­dan iş­le­dil­ýän şag­la­wuk ho­wa­ny sal­kyn­lat­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da Hy­taý­da adam­la­ra yl­ham ber­ýän tä­sin bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­na uly üns be­ril­ýär. Şol se­bäp­li hem hy­taý­ly­la­ryň şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ryn­da ýa­şyl eý­wan­ly, üs­ti se­ýil­gäh­li ýa-da ho­wuz­ly bi­na­lar has köp ag­dyk­lyk ed­ýär.