Hytaýyň Döwlet geňeşi tarapyndan taýýarlanan “Köpçülikleýin kitap okamagy ösdürmek hakyndaky düzgünler” 1-nji fewraldan resmi taýdan güýje girdi. Bu resminama Hytaýy dünýäniň iň köp okaýan we medeni taýdan ösen döwletine öwürmegi maksat edinýär.
Täze kanunçylyk diňe bir sowatlylygy däl, eýsem jemgyýetde “kitaply gurşaw” bolmagyny, ýagny her bir raýatda kitap okamaga bolan söýgini we endigi döretmegi göz öňünde tutýar. Meýilleşdirilýän çäreleriň arasynda aeroportlarda, wokzallarda we ýaşaýyş toplumlarynda okaýyş nokatlaryny döretmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, ýerli häkimiýetlere bu ugurda ýörite serişde bölüp bermek borjy ýüklenip, aprel aýynyň dördünji hepdesi «Ählihalk okaýyş hepdeligi» diýlip yglan edildi.
Bilermenleriň pikiriçe, bu başlangyç soňky wagtlarda gysga wideolaryň we sanly platformalaryň täsiri bilen pese düşen kitap bazaryny janlandyrmak üçin zerurdyr. 2025-nji ýylda kitap söwdasy 10%-e golaý azaldy. Şol bir wagtyň özünde, täze düzgünler sanly platformalardaky we tora goýulýan eserlerdäki (fanfikler, onlaýn romanlar) mazmuna döwlet gözegçiligini güýçlendirmäge hem mümkinçilik berer.
1949-njy ýylda Hytaýyň ilatynyň diňe 20%-i sowatly bolsa, häzirki wagtda bu görkeziji 100%-e golaýlady. Ýurtda 3200-den gowrak kitaphana we 100 müňden gowrak kitap dükany işleýär. Täze kanun bu gazanylan üstünlikleri hil taýdan täze derejä çykarmagy wada berýär.
PDF









