Hytaýyň döwlet telewideniýesi tarapyndan geçiriljek 2026-njy ýylyň Bahar baýramy gala-konsertiniň resmi hyzmatdaşlary hökmünde “Unitree”, “Galbot”, “Magic Atom” we “Noetix” ýaly öňdebaryjy robot kompaniýalary mälim edildi. Bu adampisint robotlar bary-ýogy bir ýylyň dowamynda tehnologiýa taýdan ägirt uly ösüş görkezip, indi diňe bir ýönekeýje hereketleri däl, eýsem, akrobatik saltolary we çylşyrymly tanslary hem professional derejede ýerine ýetirýärler.
Tehnologiýanyň iň täsirli tarapy bolsa, robotlaryň islendik horeografiýany programma üpjünçiligini täzelemek arkaly bary-ýogy 30 minutyň içinde öwrenip bilmegidir. Adaty artistler üçin ep-esli wagt dowam edýän türgenleşikleri sanlyja minutda özleşdirýän bu maşynlar, eýýäm täjirçilik çykyşlaryndan 430 dollardan 720 dollara çenli gonorar gazanyp başladylar.
Global derejede hem uly gyzyklanma döredýän bu robotlaryň ukyplary, hatda Ilon Maskyň we meşhur ýutuber “IshowSpeed”-iň hem ünsüni çekmegi başardy. Las-Wegasda geçen CES 2026 sergisinde tanyşdyrylan T800 modeli bolsa, robotlaryň indi söweş sungaty we ylgaw ýaly ýokary çeýeligi talap edýän ugurlarda-da öňe saýlanýandygyny görkezdi.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, pudak häzirki wagtda emeli aň beýnisi bilen beden çeýeligini utgaşdyrmak ugrunda gaty çalt ösýär we öňümizdäki hepde-de has kämil modelleriň peýda bolmagyna garaşylýar.